Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa harbylaryny söweş taýynlygyna getirýär


Günorta Koreýanyň Ýonhap habar gullugynyň ýazmagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň-il öz harbylarynyň söweşe taýýar bolmagyny buýurdy.

Günorta Koreýa öz goňşusyna sanksiýa girizenden soň iki ýurduň arasyndaky dartgynlyk ýokarlandy.

Günorta Koreýanyň prezidenti Li Maýaň-bak bu meseläni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine çykarjagyny aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi bolsa bu gapma-garşylykdan gepleşigiň peýdalydygyny aýdyp, iki ýurdy sowukganlylyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG