Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýa Demirgazyga garşy propaganda gepleşiklerine başlaýar


Günorta Koreýa, gämi batyrylmagy bilen ýitileşen dartgynlygyň arasynda, Demirgazyk Koreýa gönükdirilen radiogepleşiklerini dikeltdi.

Halkara ekspertleri Demirgazyk Koreýanyň suwasty gämisinden atylan torpedonyň Günorta Koreýanyň gämisini batyrandygyny aýdýarlar.

Bu waka martda bolupdy we şonda 46 deňizçi ölüpdi.

Emma Phenýan bu aýyplamany ret edýär. Eýýäm Phenýan bilen söwda gatnaşyklaryny togtadan Seul serhet aşyr eşidilýän radiogepleşikleri efire bermäge başlady.

Şeýle-de Günorta Koreýa bolan hadysa bilen Demirgazyk Koreýanyň ilatyny habardar etmek üçin listowkalaryň ýaýradyljagyny, habar ýetirmek üçin äpet elektrik ekranlarynyň ulanyljagyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG