Sepleriň elýeterliligi

Hindistanyň nebit firmalary Türkmenistanda işlemek isleýär


“Roýters” habarlar gullugy Hindistanyň nebit sekretary S. Sanderşana salgylanyp, hindi firmalarynyň Türkmenistanyň gaz ýataklarynda işlemek isleýändigini ýazýar.

«Biz ýurduň içindäki gaz öndürilýän ýerlere maýa ýatyrmagy teklip etdik” diýip, Sanderşan žurnalistlere aýtdy.

Hindistanyň nebit ministri Mürli Deora sekretar Sanderşan hem döwlet eýeçiligindäki firmanyň ýolbaşçylary bilen bilelikde bu ýurtda saparda ýören türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Deora hindi tarapynyň, gaz üpjünçiligi kepillendrilen ýagdaýynda, Türkmenistanda nebit-himiýa zawodyny gurmagy teklip edendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG