Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen forsažy ýa-da "çyraçylar"


Soňky wagtlar Aşgabatda "Türkmen forsažy" diýip at alan awtoulag ýaryşy giňden ýaýrap başlady. Bu ýaryş ilki paýtagtyň etegindäki Berzeňňi raýonynyň töwereginde, Arçabil şaýolunyň ugrunda geçirilip ugraldy.


Ýerli höwesjeňler tarapyndan taýýarlanan "Türkmen forsažy" klibi.

"Türkmen forsažy" diýlip atlandyrylýan bu ýaryşa esasan, «Žiguli» awtoulaglarynda gatnaşylýar. Sebäbi bu markalaryň bahasy beýleki awtoulaglaryň markalaryndan has elýeterli. Onsoňam, bäsleşikde ulaga zeper ýetäýende-de, çykdajysy beýle çökder bolanok. Ýaryşlara «Žiguli» markalaryndan başga markalaryň hem gatnaşýandyklaryny aýtmak gerek. Ýöne «türkmen forsažynda» ýaryşlar her markalaryň öz aralarynda geçirilýär.

Berzeňňi raýonyndaky köçelerdäki geçen ýaryşlaryň birinde awtoulaglaryň agdarylyp, heläkçiligiň ýüze çykmagy sebäpli, bu ýaryş paýtagtyň gaýra raýonlaryna geçdi.

Gije sagat on ikiden soň, paýtagtyň gaýrasyndaky «Mir», «Sewernyý» köçelerine awtoýaryşlara gatnaşmak üçin ýaşlaryň bir topary ýygnanýar. Ýaryşyň ýeňijilerine baýrak hem goýulýar. Ýaşlaryň arasyndaky bu awtoýaryş dürli bäsleşikde geçirilýär. Ýary gijeden soň maşynlaryň selçeňleşýän köçelerinde ýaşlar kim birinji gelmeşek ýaryşyndan başga-da, kim Döwlet ýol gözegçilik gullugyny yzyna köp düşürip, olardan ujyz sypmak boýunça-da bäsleşýärler.

Bu ýaryşa gatnaşyjylar ýaşlaryň arasynda "çyraçylar" diýlip atlandyrylýar. Häzir "çyraçylara" her hili garaýyş bar. Ýöne muňa garamazdan olar ençeme ýaşlar üçin "görelde" bolup ugradylar. Çyraçylyk hereketi bolsa özboluşly sub-kultura öwrülýär. Ilkibaşda gurply hasaplanýan maşgalalaryň çagalary bu herekete goşulan bolsalar, indi bu ýaryşlara gatnaşýan orta gürpdäki ýaşlaryň sany hem artýar.

Bu awtoýaryşlaryň aňyrsynda ýokary derejeli döwlet resmisine daýanýan "täsirli" kişiniň durandygy habar berilýär. Şonuň üçin paýtagtyň gaýra raýonynda geçýän «türkmen forsažyna» gatnaýaşýan awtosöýüjilere Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri-de seresabrak çemeleşýärler. Dogrusy, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bu ýaryşlara gözlerini ýumýarlar. Olar tizligi sagatda 140-160 kilometrde şuwlap geçýän awtoulaglary saklajak hem bolmaýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG