Sepleriň elýeterliligi

28-nji maýdan 2-nji iýun aralygynda Türkmenistanda «Awaza—dostluk mekany» diýen at bilen halkara çagalar festiwaly geçiriler.


Çagalaryň arasyndaky bu halkara festiwal Türkmenistanda indi üçünji gezek geçirilýär. 2006-njy ýylda ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň inisiatiwasy bilen «Altyn asyryň altyn nesilleri» ady bilen ilkinji sapar geçirilen bu festiwalyň maksady dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistana bolan ünsi çekmekden ybarat bolupdy.

2006-njy ýylda çagalaryň bu halkara festiwaly Türkmenbaşy şäherinde, Hazar deňziniň kenarynda geçirilipdi. Emma 2008-nji ýylda ikinji gezek geçirilen bu festiwal diňe Aşgabat şäherinde geçirildi. Festiwala gatnaşmaga gelen çagalar şol ýyl Gökderedäki täze gurlan çagalar dynç alyş merkezlerinde dynç alypdylar.

«Awaza—dostluk mekany»

Her iki ýyldan ýurduň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýan bu festiwalda çagalar özleriniň aýdym-saz, folklor çykyşlary bilen çykyş edýärler.

Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, ýurtdaky ideologiýanyň üýtgemegi netijesinde, çagalaryň arasynda geçirilýän bu halkara festiwalyň ady hem üýtgedildi. Indi bu festiwalyň ady «Altyn asyryň altyn nesilleri» diýen at bilen däl-de, «Awaza—dostluk mekany» diýen at bilen geçirilýär.

Şu gezekki geçirilýän bu festiwalyň maksady hem Türkmenistany, hususan-da, Türkmenbaşy şäherindäki Awazany dünýä jemgyýetçiligine ünsi çekmekden ybaratdyr.

Çagalaryň bu halkara festiwaly maliýe babatda köp çykdajylary talap edýän uly bir proýektdir. Festiwala diňe Türkmenistandan dört ýüz çaga gatnaşýar.

Resmi maglumatlara görä, festiwala dünýäniň ençeme ýurtlaryndan wekilleriň gatnaşýandygy aýdylýar. Hakykatda bolsa, daşary ýurtlardan gatnaşýar diýilýän wekilleriň esasy bölegi Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň ilçileriniň çagalarydyr.

Halkara çagalar festiwalynyň açylyş dabarasy 28-nji maýda Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän «Saglyk ýolunyň» başlanýan ýerindäki «Dostluk» meýdançasynda bolar. Şondan soňra, festiwala gatnaşyjylar ýörite otly bilen Türkmenbaşy şäherine, Hazaryň kenarynda ýerleşýän Awaza giderler.

Festiwala gaitili çagalar hem gatnaşýarlar

Türkmenistanyň prezidentiniň 4-nji martda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren görkezmesi bilen «Awaza—dostluk mekany» festiwalyna aýylganç ýer titremesini başyndan geçiren Gaiti döwletiniň çagalary hem çagyryldylar. Ýurduň prezidentiniň görkezmesine laýyklykda 24-nji maýda gaitili çagalar festiwala gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

«Awaza- dostluk mekany» atly çagalar festiwalyna dünýäniň başga ýurtlaryndan hem birnäçe wekilleriň gatnaşýandygyna garamazdan, ýurduň mediasynda Gaitiden gelen çagalara aýratyn orun berilýär. Olar bilen dürli-dürli söhbetdeşlikler guralýar. Bu bolsa, Türkmenistanyň tebigy heläkçilige uçran Gaiti döwletiniň çagalaryna ynsanperwerlik goluny uzadýanlygyny dünýä jemgyýetçiligine aýratyn ünsi çekmek üçindir.

Gaitiden gelen çagalar, festiwal tamamlanandan soň, iýun aýynyň ahyryna çenli Türkmenistanyň hökümetiniň hasabyna Awazanyň kenarynda dynç alarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG