Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi


25-nji maýda Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde «Iň soňky jaň» dabaralary geçirildi. Ol dabaralarda Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, ýaşlaryna hem-de ähli bilim işgärlerine iberen gutlaglary okaldy.


Mekdepdäki geçirilen dabaralarda uçurymlara ak ýol arzuw edildi, göreldeli okuwçylara sowgatlar gowşuryldy. «Soňky jaň» dabaralary tamamlanandan soň, agşam, ýurduň welaýatlaryndaky stadionlarda mekdep okuwçylarydyr bilim işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Uçurymlaryň baýramy has resmileşýär

Soňky ýyllar mekdep uçurymlarynyň dabaralary has resmileşdirilýär. Hatda 2-3 ýyl mundan ozal hem «Soňky jaň» dabarasy mekdebiň çäginden gaty daşyna çykmazdy. 25-nji maý güni mekdepde uçurymlaryň şanyna özboluşlyja dabarajyk gurnalardy. Şondan soň, ýaşlar öz meýillerine görä, köpçülikleýin gezelenje çykardylar, teatrlarda, konsert merkezlerinde guralýan tomaşalara barardylar.

Şu ýylky geçirilen «Soňky jaň» dabarasy diňe bir paýtagtda däl, eýsem welaýatlarda hem resmi häsiýete eýe boldy. Welaýat merkezindäki stadionlarda mekdep okuwçylarydyr bilim işgärleriniň gatnaşmagynda uly çäreler guraldy. Ol çärelere welaýat häkimleriniň hut özleri baryp, söz sözläp, uçurymlary gutladylar.

Aşgabat şäher häkimliginiň, Medeniýet hem-de Bilim ministrlikleriniň bilelikde guramagynda paýtagda geçirilen «Soňky jaň» dabarasy has-da şowhunly boldy. Oňa mekdep uçurymlary bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym we bilim berýän ulgamlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu ýerde geçirilen dabarada ýurduň belli bagşy-sazandalary uly konsert berdiler.

Restoranlar düşewüntsiz galdylar

25-nji maý diňe bir mekdep uçurymlary üçin däl, eýsem köpler üçin baýramçylyk. Ol gün gül satýanlar, maşynlarynda kireý edýänler, aýdymçylar öz düşewüntlerini ep-esli derejede artdyrýarlar.

Emma paýtagtyň restoranlarynyň eýeleri welin ol gün düşewüntden galmaly boldular. Iki ýyl mundan öň restoranlaryň birinde mekdep uçurymlarynyň arasynda ýüz beren pajygaly wakadan soň, resmi häkimiýetler ýaşlaryň 25-nji maý gününde restoranlara üýşmekliklerine berk çäklendirmeler girizdiler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary easynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG