Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli lukmanlaryň üç topary Türkiýä geldi


Turistik awtobusyň heläkçilige uçramagyndan ejir çekenlere kömek bermek üçin Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň uçarynda lukmanlaryň üç topary Türkiýä geldi.

Şol awtobus betbagtçylygynda 16 adam öldi, olaryň 13-si orsýetlilerdir. Jebir çekenler 26 adam, olaryň ýagdaýy agyr, käbiriniňki juda agyr.

Üsti turistli awtobus kurort şäheri Alaniýadan syýahata barýarka, ol 15 metrlik köprüden aşak gaçdy.

Betbagtçylygyň sebäbi barada dürli çaklamalar bar: sürüjiniň birden ýüregi durupdyr, ol uklapdyr diýen ikinji wersiýa-da bar.
XS
SM
MD
LG