Sepleriň elýeterliligi

Ýamaýkada ölenleriň sany 30 adama ýetdi


Ýamaýkada howpsuzlyk güýçleri bilen dünýäde iň uly neşe söwdagärleriniň biri Kristofer Koukyň tarapdarlarynyň ýaragly çaknyşygynda pida bolanlaryň sany 30 adama ýetdi.

Heläk bolanlaryň köpüsiniň paýtagt Kingstonyň parahat ýaşaýjylarydygy habar berilýär.

Harbylardan, polisiýa işgärlerinden heläk bolanlar bar. Ýurduň ençeme etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Ýamaýka häkimiýetleriniň eýýäm üç gün bäri geçirýän ýörite operasiýasyndan maksat Kouky tutmak. Ony ABŞ dünýäniň iň howply neşe söwdagäri hasap edýär.
XS
SM
MD
LG