Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak, Küweýt awiakompaniýalaryň emläk dawasy bar


Iraqi Airway kompaniýasy Beýik Britaniýa we Şwesiýa täze uçuşlar etmekden ýüz öwürdi.

Kompaniýanyň baştutany Kifak Hassanyň hatyndan belli bolşuna görä, şeýle karara Küweýt bilen emläk dawasy sebäp bolupdyr.

Geçen aý soňky 20 ýylda ilkinji gezek Yrak tarapy Bagdatdan Londana birinji reýsi amala aşyrdy. Ýöne ol Getwik aeroportunda uçaryň saklanmagy hem Kifak Hassanyň dokumentleriniň alynmagy bilen tamamlandy.

1990-njy ýylda Yrak güýçleriniň Küweýte girmegine salgylanyp, Kuwait Airway Yrak tarapynyň özüne 1,200 million dollar bergidardygyny tassyklaýar.
XS
SM
MD
LG