Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk hem Günorta Koreýa gatnaşyklary dartgynlaşýar


Demirgazyk Koreýa häkimiýetleri 26-njy martda Sary deňizde öz gämisini gark etmekde Phenýany aýlyplan Günorta Koreýa bilen bagly berk jogap çäreleriniň görüljekdigini yglan etdi.

Demirgazyk Koreýanyň Merkezi informasion agentligi özgerişleriň köp ugurlary öz içine aljakdygyny habar berdi. Hususan-da, Keson şäherindäki bilelikdäki kärhananyň işgärleriniň ählisi ýurtdan çykarylar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu karary “geň galdyryjy” diýip atlandyrdy. Döwlet departamentiniň wekili Filip Kroulynyň sözlerine görä, bu karar ozaly bilen Demirgazyk Koreýanyň özüne zarba bolar.

Düýn Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýa propagandistik gepleşikleriň ýaňadan berlip başlanýandygyny yglan etdi. Ondan öň Seul Phenýan bilen söwda gatnaşyklaryny ýatyrýandygyny aýdypdy.

Hytaý hem Orsyet taraplary sowukganlylyga çagyrdy.

Günorta Koreýany goldaýan ABŞ Demirgazyk Koreýanyň hereketelrini dünýä jemgyýetçiligi jogapsyz galdyrmaly däl hasap edýär.

Şu gün Seula gepleşikler geçirmek üçin ABŞ–nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton gelýär.
XS
SM
MD
LG