Sepleriň elýeterliligi

BP-niň işi zerarly ABŞ-nyň sabyr käsesi dolýar


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti BP-niň ýurduň günorta-gündogaryndaky aýlagyň kenaryna nebitiň akyp gelmesini togtatmak tagallalary babatda sabyr käsesiniň dolarlydygyny aýdýar. Waşington, eger BP zerur etmeli işini etmese, ony ynanylan işden çetleşdirjegini duýdurýar.

ABŞ-nyň içeri işler sekretary Ken Salazar
Nebitiň Meksika aýlagyna dökülmesi we Birleşen Ştatlaryň kenarlaryna akmasy bir aýdan gowrak dowam edýär. Waşington indi nebit kompaniýasynyň bu işdäki jogapkärçiligi babatda sabryny ýitirip ugrandygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň içeri işler sekretary Ken Salazar duşanbe güni eger nebit kompaniýasy nebit akymyny togtatmak üçin ýeterlik tagalla etmese, Federal hökümetiň BP-ni bir gyra itip, bu işleriň ählisine kontrollygy göni öz eline aljagyny aýtdy.

Bu duýduryş Luziananyň günorta kenarlaryndaky ýeňiljek batgalyklara we ýabany haýwanlaryň gaçybatalgalaryna agyr nebit akymynyň gelmeginiň dowam etmegi hem aýlagyň kenarlaryndaky ilatyň durmuş-ýaşaýşyna howp salmagy netijesinde edildi.

Salazar şenbe güni hökümetiň BP-den nägileligini beýan edip, žurnalitstlere şeýle diýdi: «Men gaharly we BP-niň nebit ýatagyndan nebit akmasyny durzup, hapalanyşyň ýaýramagynyň öňüni alyp bilmeýşinden lapykeç bolýaryn. Biz indi 33 gün bäri şu işiň içinde we möhlet yzyna möhlet geçýär.»

BP-niň diňe bir nebit akmasyny durzup bilmezligi däl, eýsem onuň arassalaýyş üçin ulanan käbir usullary hem hökümetiň berk tankydyna sezewar boldy. Birleşen Ştatlaryň Tebigaty goramak gullugynyň başlygy Liza Jakson duşenbe güni BP-ä himiki dargadyjyny ulanmagy 50%-e çenli azaltmagy tabşyrandygyny aýtdy. Ol Tebigaty goramak gullugynyň alymlaryna derhal alternatiw himiki maddalary gözläp tapmagy buýrandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Synag

20-nji aprelde Meksika aýlagynda BP tarapyndan kireýine alnan nebit burawynyň partlamasy köp mukdarda nebit akmasyna sebäp bolmakdan başga-da, 11 işçiniň ömür tanapyny kesdi. Şondan bäri, BP-niň nebit akymyny duruzmak üçin edýän işlerine garamazdan, aýlaga tonnalap nebit akdy. Bu mesele barada birnäçe gezek Kongres diňlenişigi boldy we buraw partlamsy zerarly dörän tebigy betbagtçylyk Barak Obamanyň prezidentligi üçin uly synaga öwrüldi.

Luziananyň respublikaçy gubernatory Bobbi Jindal BP-ni we Federal hökümeti haýal deprenmekde we bu krizise garşy bilelikde, birleşdirilen tagalla arkaly göreşip bilmezlikde gaýta-gaýta tankyt etdi.

Dünýäniň iň uly nebit kampaniýalarynyň biri bolan BP özüniň nebit akymyny duruzmak üçin elinden gelen bar zady edýändigini aýdýar. Ýöne gury ýerdäki nebit akymlaryny duruzmakda köp tejribesi bolan kampaniýa deňiz astyndaky nebit akymyny duruzmagyň gaty kyn tehniki synagdygyny hem boýun alýar.

Nebit akymyny duruzmakda üstünlik gazanyp boljagyna bildirilýän şübheler ilat arasynda bu betbagtçylygy hiç kim togtadyp bilmez diýen gorkyny artdyrýar. Emma Waşington indi BP-ni çetleşdirip, bu işi öz eline almagynyň ahmaldygyny duýdurýar. Ekspertler munuň hyýalbentlik bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG