Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkiýäniň Gandisi” köp işleri etmeli bolsa gerek


Kemal Kylyçdarogly
Kemal Kylyçdarogly

Kemal Kylyçdarogluna “Türkiýäniň Gandisi” diýilýär. Ýöne welin, ol ýurduň esasy oppozision partiýasynyň ýolbaşçysy saýlanmagy bilen bagly ýurtda dörän umytlary amala aşyrjak bolsa, köp işleri etmeli bolsa gerek.


Ýurduň orta-solçy gatlagynyň ozal umyt baglan syýasatçysy bolan Deniz Baýkalyň ýerine ýaňy-ýakynda “Jumhuriýet Halk partiýasynyň” ýolbaşçylygyna saýlanan 62 ýaşly Kylyçdarogludyr. Onuň 90 ýyla golaý mundan ozal täze Türkiýäniň düýbüni tutan Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan gurlan partiýany, uzak wagtdan soň, häkimiýet başyna getirmegine garaşylýar.

71 ýaşly Deniz Baýkala, umuman, reformalaryň öňünde duran böwet diýip garalýardy. Kylyçdarogly öz hyjuwly çykyşynda partiýany häkimiýet başyna getirmegi wada edip, özgerişleriň o diýen uzakda däldigini aýtdy. Onuň beren ýene bir wadasy – Ärdoganyň “Adalat we Galkynyş partiýasynyň” hökümetinden gözbäş alýan korrupsiýa garşy göreşmek hem-de garyplaryň aladasyny etmekdir.

Kylyçdaroglunyň töweregindäki şowhun “Adalat we Galkynyş partiýasyna” hem täsir etmän durmady. Bu partiýa indi öňdäki saýlawlarda häkimiýet başyndan giderinden gorkýar.

Amatly pursat

Stambulyň Bilgi Uniwersitetiniň professory Soli Özeliň garaýşyça, “Jumhuriýet Halk partiýsyny” öňki derejesine ýetirip, häkimiýet başyna getirmek üçin Kylyçdarogly üçin bu bir amatly pursat bolup durýar.

“Bolýan bu täze ösüşleriň hökümeti biynjalyk edýänligi belli zat. Meniň pikirimçe, ýurtda köp adamlaryň özgeriş bolmagyny talap edýänligine şübhe ýok. Munuň sebäbi hem bir tarapdan, “Adalat we Galkynyş partiýasynyň” argynlygy. Beýleki tarapdan-da, çözülmän ýatan problemalar köp. Ýene bir tarapdan bolsa, ençeme ýyllap häkimiýet başynda bolan “Adalat we Galkynyş partiýasynyň” tekepbirligi indi adamlara ýaranok” diýip, Özel aýdýar.
Adamlary bu partiýadan gaçyran Baýkal.


Özeliň pikiriçe, Kylyçdarogly baradaky umytlaryň başa barmazlygy-da mümkin: “Ondan aşa köp zatlara garaşylýandygyna gürrüň ýok. Onuň muňa näderejede taýynlygynyň bardygyny bilemok. Mysal üçin, daşary syýasat barada eden çykyşy-ha bir öwerlik zat däldi. Ol özgeriş üçin umyt bolup durýar. Ýöne “Jumhuriýet Halk partiýasy” aňsatlyk bilen özgerjek partiýa däl. Men oňa üstünlik arzuw edýärin, ýöne etjek bolýany gaty kyn iş”.

Adamlary alada goýýän zat – partiýanyň hatarlarynda Baýkalyň täsiriniň henizem dowam edýänligi, onuň özüniň hem sahnadan doly çekilmänligi.

Aktiwist Bedri Baýkam: “Adamlary bu partiýadan gaçyran Baýkal – diýýär. - Ol adamlaryň partiýadan ýüz öwürmegine, syýasatdan çekilmegine ähmiýet bermedi. Köp adamlar başga partiýalara geçdiler. “Jumhuriýet Halk partiýasyndan” çykarylan adamlar-da boldy. Kylyçdarogly baştutan saýlanansoň, ýagdaý üýtgäp ugrady we indi ol adamlar yzlaryna gelip başladylar”.
XS
SM
MD
LG