Sepleriň elýeterliligi

25-nji maýda dünýäde ýiten çagalaryň halkara güni bellendi.


1983-nji ýylda ABŞ tarapyndan yglan edilen “Ýiten çagalaryň halkara gününiň” bellenmeginiň maksady şu günki güne çenli dünýäde çagalaryň ýitýänligine ünsi çekmekden we öz çagalaryndan jyda düşen ene-atalara halkara derejesinde raýdaşlyk bildirmekden ybarat.

Bu sene bilen baglanyşykly çaga ölümine degişli problema hem halkara derejesinde syn edilýär.

Çagalaryň ölüm derejesiniň dünýäniň köp ýurtlarynda güýçli depginde ýokary galýanlygy halkara neşirleriniň maglumatlarynda bellenýär. Britaniýanyň “Lancet” atly medisina žurnalynyň çap eden 1970-2010 ýyllar aralygyna degişli 187 ýurt boýunça synyna görä, şu ýyl dünýäde bäş ýaşyna ýetmedik 7,7 million çaganyň öljegi çak edilýär. Çaga ölüminiň iň ýokary derejesi 1990-njy ýylda bolup, şonda bu san 11.9 milliona ýetipdi.

BMG-niň UNICEF çagalar fondunyň ösüş maksatnamasynyň çäginde 2000-nji ýylda kabul edilen pogrammada çaga ölümini azaltmak wezipesi öňe sürüldi. Onuň çäginde ýöredilýan syýasatyň we ýatyrylýan maýa goýumlarynyň netijelerine esaslanyp, “Lancet” neşiri pes ykdysady derejeli käbir ýurtlarda çaga ölüminiň derejesiniň öňküsine garanda peselenligini belleýär we bu pozitiw tendensiýanyň dowam etmegi üçin syýasy we maliýe çärelerine ünsi artdyrmagyň zerurlygyny nygtaýar.

Maglumatda UNICEF çagalar fonduna salgylanmak bilen çaga ölüminiň derejesini peseltmek tendensiýasyna eýe bolan ýurtlaryň arasynda, hususan-da, Portugaliýa, Wýetnam, Maldiwler we Taýland agzalýar.

Türkmenistan boýunça sanlar

Çaga ölümi bilen bagly Türkmenistandaky ýagdaý barada halkara guramalarynyň berýän maglumatlarynda 10% töweregindäki sanlar görkezilýär. Hususan-da, BMG-niň Azyk we oba hojalyk fondunyň resmi maglumatyna görä, Türkmenistanda diri doglan her 1000-den 102 çaga ölýär.

UNICEF Çagalar fondunyň resmi internet saýtynda Türkmenistanda çaga ölüminiň derejesi barada maglumat berilmeýär. UNISEF-iň Aşgabatdaky edarasyndan hem maglumat alyp bolmady.

UNICEF Çagalar Fondunyň resmi internet saýtynda çagalaryň saglygyny goramak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan çäreler barada berilýän maglumatlarda ýokanç kesellere garşy sanjymlar çäresi agzalýar.
Türkmenistanyň ýakynda öýken çişmesine we miningit kesellerine getirýän infeksiýalaryň öňüni almak çärelerini girizip, häzirki wagtda ýurtda 10 kesele garşy immunizasiýa çäreleriniň geçirilýänligi habar berilýär.

Türkmen hökümeti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleriň ähmiýetini ýurduň saglygy saklaýyş sistemasynyň esasy üstünlikleriniň biri hökmünde agzap gelýär.

Çagalar nämeden ölýärler?

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanda bakterial keseller ýogalýan çagalaryň ölüminiň 3%-ni emele getirýär. Türkmenistanda bäş ýaşa ýetmän ölýän çagalaryň 3%-i içgeçmeden, 14%-i wagtyndan öň doglandygy sebäpli, 17%-i doglanda çaga ýetirilen şikesden, 28%-i kemisli dogulmakdan heläk bolýar.

Orsýetli wraç, ginekolog, medisina ylymlarynyň doktory Ýelena Silantýewa genikologiýa we çaga dogruş ugrundan Türkmenistandan Orsýete barýanlara köp duş gelýänligini Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýurduň saglygy saklaýyş ýagdaýy boýunça statistiki sanlar çap edilmeýär. Şol sanda eneleriň we çagalaryň keselçilik hem ölüm derejesi barada maglumatlar köpçüligiň dykgatyna ýetirilmeýär.

Tankyda ýol berilmeýär

Türkmen hökümeti ilatyň saglygynyň goralmagynyň döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýän mesele bolup durýanlygyny gaýtalap gelýär. Ýurduň saglygy saklaýyş sistemasyndaky kemçilikler barada halkara derejesinde edilýän beýannamalara çürt kesik garşy çykýar.

10 ýylyň dowamynda Türkmenistanda iş alyp baran “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň aprel aýynda ýaýradan hasabaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi derejede garşylyk bildirmegine sebäp boldy.

Türkmenistanyň käbir habar serişdelerinde “Serhetsiz lukmanlar” guramasyny ýazgaryjy maglumatlar çap bolup, bu guramanyň hasabatyndaky maglumatlar manysyz hem tassyklanmadyk çaklamalar diýlip atlandyryldy.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň 12-nji aprelde Moskwada ýaýradylan hasabatynda, hususan-da Türkmenistanyň keselhanalarynda keselleriň hasaba alnyşynyň galplaşdyrylýanlygy we hakykata gabat gelýän sanlaryň ýöredilmegine türkmen häkimiýetleriniň ýeterlik üns bermeýänligi paş edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG