Sepleriň elýeterliligi

Poliomielite garşy waksinasiýa geçirilýär


Şu günler Türkmenistanyň ähli ýerlerinde poliomielit keseline garşy waksinasiýa çäreleri giň gerim bilen alnyp barylýar.


Ýerli poliklinikalaryň lukmanlary ilatyň arasynda poliomielit keseliniň howpy barada wagyz-nesihat çärelerini geçirmek bilen, ene-atalara çagalaryny hökmany suratda bu keseliň garşysyna sanjym etdirmeklerini maslahat berýärler.

Türkmenistanda poliomielite garşy köpçülikleýin waksinasiýanyň geçirilmegi ýöne ýere däldir. Soňky bir aýyň dowamynda Türkmenistana ýakyn bolan Owganystanda, Gazagystanda, Täjigistanda bu keseliň ýaýramagy ýurduň ýolbaşçylaryny alada goýdy.

Türkmenistanda poliomielit bilen kesellänleriň bellige alnandygy barada resmi maglumat berilmeýär. Bu meselede ilatyň arasynda-da hiç bir dowul ýok. Ýurduň ýaşaýjylary howply keseliň garşysyna çagalaryny sanjym etdirmäge işjeň gatnaşýarlar.

Poliomielit ýiti wirus keseli bolup, ol nerw ulgamyny zaýalaýar. Bu howply kesel ýuwulmadyk eliň, suwdur-iýmitiň üsti bilen adama ýokuşýar.

Poliomieliti çagalar juda agyr geçirýärler. Kesel adamyň içine düşensoň, 2-3 hepdeden soň merkezi nerw ulgama düýpli zeper ýetirýär. Kesel agyr geçende, adam ysmaz bolýar.

Häzirki döwürde poliomielitiň garşysyna hökmany suratda waksinasiýa çäreleri geçirilip durlansoň, bu kesele juda seýrek duş gelinýär.

Türkmenistanda poliomielitiň garşysyna waksinasiýa çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Täze doglan çagalar iki aý ýaşandan, maşgala lukmanlarynyň gözegçiliginde poliomielitiň garşysyna sanjym etdirilýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG