Sepleriň elýeterliligi

Kandaharda güýçli partlama boldy


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, welaýatlary gaýtadan gurmak boýunça iş alyp barýan toparyň Kandahar welaýatynda ýerleşýän edarasynyň golaýynda şu gün güýçli partlama boldy.

Bu partlamada bolan adam ýitgisi barada häzirlikçe takyk maglumat ýok. Bu partlama şol baza barýan adamlaryň awtoulaglaryny goýýan ýerlerinde bolupdyr.

Welaýatlary gaýtadan gurmak baradaky topar daşary ýurtly esgerler we graždan ekspertlerden ybaratdyr. Bu toparyň Kandahardaky edarasy ABŞ tarapyndan dolandyrylýar.

Owganystanda ýerleşýän harbylar talyplara garşy öz operasiýalaryny güýçlendireli bäri gozgalaňçylar daşary ýurtlylaryň harby merkezlerine garşy hüjümlerini artdyrdylar.

Häzirki döwürde NATO we ABŞ-nyň Owganystanda 130 müň töweregi esgeri ýerleşýär we geljek aýlaryň dowamynda goşmaça 20 müň töweregi esgeriň Owganystana iberilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG