Sepleriň elýeterliligi

Bütindünýä Banky Gazagystana bir milliard dollar karz berer


Bütindünýä Banky Gazagystanyň hökümetiniň maliýe programmalaryny amala aşyryp bilmegi üçin Almatanyň 1 milliard dollarlyk karz pul talabynyň tassyklananlygyny habar berdi.

Bankyň Merkezi Aziýa boýunça bölümiň ýolbaşçysy Motoo Konişi bu serişdäni “ösüş boýunça karz pul sýyasaty” diýip atlandyrdy.

Motoo Konişi bu maliýe kömegiň tassyklanmagyna Gazagystanyň ykdysady sýyasatyna we ony reformalaşdyrmak boýunça saýlap alan ugruna bankyň bolan ynamyny aňladýanlygyny aýtdy.

Bank tarapyndan bu barada ýaýradylan beýanatda bu serişdäniň Gazagystanyň hökümetiniň ykdysady programmasyna, býujeti dolandyrmak sýyasatyna we bank düzgünlerini kadalaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerine ýardam berjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG