Sepleriň elýeterliligi

Stawropoldaky partlamada heläk bolanlaryň sany alta ýetdi


Stawropolyň merkezinde düýn bolan partlamada jebir çekenlerden 44 adam keselhanalara ýerleşdirildi. Olardan 16 adamyň ýagdaýy juda agyr diýip, Stawropolyň lukmanlaryna salgylanmak bilen “Interfaks” habar berdi.

Partlamada 6 adam, şol sanda 12 ýaşly gyzjagaz heläk boldy.

Partlama çeçenleriň “Waýnah” atly tans ansamblynyň şäher medeniýet öýünde konsertiň başlanmazynyň öňýany boldy.

Bu hadysa boýunça terakt maddasy boýunça jenaýat işi gozgaldy.

Dernew dowam edýär.
XS
SM
MD
LG