Sepleriň elýeterliligi

Antaliýadan ýaraly 21 turist Orsýete getirildi


Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň uçary Antaliýadan Moskwa Türkiýedäki awtobus betbagtçylygynda jebir çeken 21 turisti getirdi.

Olar Moskwanyň keselhanalaryna ýerleşdirildi. Ýagdaýy aşa agry üç orsýetli Türkiýede galdy. Ýene iki turist özbaşdak ýurda dolanýar.

Betbagtçylyk hepdäniň ikinji güni bolup, onda 15 adam heläk boldy. Olaryň 13-i orsýetli syýahatçylar.

Awtobus 15 metrlik köprüden ýykyldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Türkiýäniň häkimiýetlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, sürüjiniň birden ýüregi durupdyr.
XS
SM
MD
LG