Sepleriň elýeterliligi

“Apple” kompýuter boýunça dünýäde iň uly kompaniýa


“Apple” korporasiýasy dünýäde informasiýa tehnologiýasy boýunça ýöriteleşýän iň uly kompaniýa boldy. Ol kompýuter biznesiniň beýleki ägirdi “Microsoft” kompaniýasyndan öňe geçdi.

Düýn, 26-njy maýda “Apple” kompaniýasynyň bazar kapitaly 222 milliard dollar bahalandy, Microsoft kompaniýasynyň 219 milliard.

1999-njy ýyl bilen deňeşdirilende, häzir “Apple” korporasiýasynyň aksiýalarynyň bahasynyň 10 esse gymmatdygy habar berilýär.


XS
SM
MD
LG