Sepleriň elýeterliligi

Türkmen mekdeplerinde soňky jaň ýaňlandy, ol şu ýyl mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň durmuşynda iň aladaly pursat boldy. Ol ozaly bilen onlarça müň oglan-gyza ýakyn geljekde nämeler garaşýar diýen sorag bilen bagly.

Eger propagandanyň pöwhe öwgülerini, owadan sözlerini bir ýana süýşürip, bu dabaraly baýramçylyga syn etsek, negatiw häsiýetli, ýaşlaryň aglaba böleginiň gaçyp-gutulyp ýa sypyp bilmejek, başga has tolgundyryjy problemalary görüp bileris. Şol problemalar nämeler, durmuşyň, jemgyýetiň haýsy meseleleri?

Köpçülikleýin işsizlik

Ozaly bilen türkmen jemgyýeti üçin ýowuz problema - dowam edýän köpçülikleýin işsizlik. Oba ýerlerinde ol juda giň ýaýran. Köne däbe görä, işsizlik baradaky real maglumatlar häkimiýetler tarapyndan iň gizlin strategik maglumatlar toparyna girizildi.

Türkmenistandaky işsizlige degişli maglumatlary diňe halkara çeşmelerden tapmak, almak mümkin. Juda bir uzak bolmadyk geçmişdäki maglumatlara görä, ýurtda işsizlik işe ukyply adamlaryň 60 hem ondan ýokary prosentini öz içine alýar.

Şu meselede Türkmenistan dünýäniň iň yzagalak ýurtlary bilen bäsleşýär. Belki, ondan bäri türkmen häkimiýetleri haýsydyr bir usul bilen bu meseläni çözendir? Ýöne ykdysadyýetdäki köp sanly täzeliklere, özgerişlere garamazdan, daşary ykdysady proýektleriň tapgyry bilen baglanyşykly gazanylan üstünliklere seretmezden, işsizlik türkmen jemgyýetinde esasy faktorlygyna galýar.

Türkmenistanyň orny

Şu ýylyň baharynda Orsýetiň “Trud” gazeti öňki SSSR-iň ýurtlarynda adamlaryň iş bilen üpjünçiligi boýunça syny çap etdi. Şol syna görä, işsizlik boýunça Türkmenistan iň erbet orny eýeleýär. Onuň derejesi ýurtda 25 % diýlip bellenipdir. Şunuň özi ýurtda ýarym million adamyň işden mahrumdygyny aňladýar.

“Türkmen ýolbaşçylary, umuman, işsizlik barada dil ýarmagy halamaýarlar, protest aksiýalary, aýlyklaryň wagtynda berilmeýändigi üçin iş taşlaýyşlar ýaly wakalar barada Türkmenistandan hiç hili habar çykmaýar” diýip, “Trud” gazeti belleýär.

Şu nukdaýnazardan türkmen mekdeplerinde kakylan soňky jaň diňe bir dabarasyz bolup görünmän, ol ýaşlaryň gaýgy-aladasyny artdyrdy. Ýurtda iş tapmagyň, işe ýerleşmegiň kynçylygy ýene bir ýagdaýa görä has-da artýar. Ol hem ýurduň daşarky dünýä üçin ýapyklygy bilen bagly.

Goňşy ýurtlar Özbegistanda, Täjigistanda işsizlik meselesi belli bir derejede daşary ýurtlara gidip işlemäge rugsat bermek arkaly çözülýär. Adamlar Orsýete, Gazagystana gidip, gazanç edýärler. Şol gidýänleriň köpüsi ýaşlar. Ýöne ýapyk Türkmenistanda serhetden geçmek ýeňil iş däl. Ýurtdan çykmak, ýurda dolanyp gelmek meselesinde gaty köp kynçylyklar bar.

Neşekeşlik we jelepçilik

Işsizlikden başga-da ýurtda ýaşlaryň öňünde keserip duran iň bärkisi iki problema bar. Ol neşekeşlik bilen jelepçilik. Bularyň ikinjisi barasynda prezident dymýar, ýöne türkmen mekdeplerindäki soňky jaň mynasybetli ýollan gutlag hatynda neşekeşlige degip geçipdir.

Şu faktyň özem ýaşlaryň arasyndaky ýagdaýyň betbagtçylyklydygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde soňky jaň baýramçylygy her zadam bolsa ýaşlara degişli uly aladalar, galagopluklar bilen utgaşýar. Şol meselelere garşy göreşiň öňünde häkimiýet owadan söze-de, boş öwgülere-de bukulyp bilmez.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG