Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adwokatlar özbaşdak işläp bilerler!


14-nji maýda Daşoguzda geçen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen dokumentleriň biri hem «Türkmenistanda Adwokatura we Adwokatçylyk işi hakyndaky» kanundyr. Adwokatura hakyndaky kanun SSSR dargansoň, häzirki günlere çenli Türkmenistanda kabul edilmän gelen kanunlaryň biridir.


Türkmenistanyň Ýokary Soweti tarapyndan 1981-nji ýylyň 14-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistan SSR-niň Adwokaturasy hakyndaky» kanuny biziň günlerimize çenli ulanylyp gelindi. Bu kanunyň Garaşsyzlykdan soň täzeden kabul edilmän, häzirki günlere çenli saklanyp galmagy Türkmenistanyň öňki prezidentiniň adam hukuklaryna biparh garanlygynyň subutnamasydyr.

Aslyýetinde Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işiniň ýagdaýy näderejededi? SSSR döwri Türkmenistandaky kanunlaryň hemmesi Sowet Soýuzynyň Sosialistik Respublikalarynyň kanunlaryndan ugur alýardy. Resmi adwokaturalar barada ilkinji kanunlaryň biri, ýagny «Türkmenistan SSR-niň Adwokaturalary hakynda düzgüni» 1961-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumy tarapyndan tassyklanýar. Soňra oňa 1963-nji ýylyň 26-njy martynda, 1965-nji ýylyň 17-nji awgustynda, 1971-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda birnäçe düzedişdir goşmaçalar girizilýär. Ýöne şol girizilen goşmaçalaryň birinde-de adwokatlaryň özbaşdak işlemegine hukuk berilmeýärdi.

Garaşsyz döwlete adwokatura gerek dälmidi?


1991-nji ýylda Türkmenistan garaşsyzlyk alansoň, adwokatura we onuň işi barada birjik hem alada edilmedi. Eger-de syýasy we ykdysady taýdan ösen döwletlerde ýurtda maddy taýdan iň gurply adamlar adwokatlar diýlip hasap edilýän bolsa, Türkmenistanda onuň tersine – hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda iň pukaralarynyň adwokatlardygyny hemmeler bilýärdi. Sebäbi Türkmenistanda hereket edip gelen «Аdwokaturalar baradaky» kanunda olara özbaşdak iş açmaga rugsat edilmeýärdi. Adwokatlaryň hemmesi «Adwokatlar kollegiýasyna» tabyndy. Olar aýlygy şol ýerden alýardylar.

Sud proseslerinde аdwokatlar ýöne san bolup oturýardylar. Olaryň gepine-gürrüňine üns hem berilmeýärdi. Hukuk mehanizimi işlemeýärdi. Sudýalar prokurorlar bilen bilelikde edenlerini edýärdiler. Adwokatlar bolsa jenaýata çekilýän adam bilen sudýanyň we prokuroryň arasynda para alyp bermäge araçy bolup hyzmat edýärdi. Eger soňky 10 ýylyň içinde Türkmenistanda Jenaýat hukugyndan seredilen işlere üns bersek, onda sud prosesinde adwokatyň üstün çykan bir işinem görüp bilmeris. Bu ýagdaý Türkmenistanda bikanunçylygyň höküm sürýänliginiň subutnamasy bolup durýar.

Saparmyrat Nyýazowyň hökmürowan ýyllary, 2000-nji ýyllarda, Sud we Prokuratura tarapyndan amala aşyrylan bidüzgünçiligiň ýeten derejesi çakdanaşa ýokarydy. Şol ýyllarda Jenaýat kodeksiniň 184-nji «Para almak» maddasy bilen günäsi doly subut edilmezden, niçeme adamlar azatlykdan mahrum boldular. Bu madda dünýä praktikasynda-da subut etmegi kyn bolan maddalaryň biridir. «Birine para berdim» diýeniň bilen, ikinji tarapa jenaýat işini gozgamak bolar, ýöne onuň para alandygy hakynda dogry faktlar bolmasa, (ýörite alnan wideosurat) ýa-da ol para alýan wagty hukuk goraýjy işgärleri tarapyndan saklanylmasa, hukuk taýdan günäläp, ony azatlykdan mahrum etmek bolmaýar.

Garaşsyz adwokatsyz sud – adalatsyz sud!


Türkmenistandaky 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary bilen baglanyşykly jenaýat prosesini mysal alyp görenimizde, bu ýerde hem hukuk taýdan subut edilmän azatlykdan mahrum edilen adamlar bar. Wakalara gatnaşanlaryň esasylaryndan başga, şol waka (häkimiýeti güýç bilen ele almak) gatnaşjakdygyny bildiren raýatlar hem azatlykdan mahrum edildiler. Eger adam jenaýatçy topara goşuljagyny aýdyp, oňa-da gatnaşyp bilmese, onda onuň hereketinde jenaýat ýok diýlip, hukuk taýdan hasap edilýär. Ol raýatlar jenaýat işinde diňe şaýat hökmünde geçip bilerler. Ine, şu mysallardaky ýagdaýlarada adwokatlaryň pozisiýasy kanun öňünde goýulmaly we şol raýatlara sudýanyň, prokuroryň, hökümetiň ýigrenji bolsa-da, olaryň dilden aýdan pikirleri soňra anyk herekete geçmedik bolsa, onda olary kanuny esasda azatlykdan mahrum edip bolmaýar!

Biziň jemgyýetimizde döwlet edaralarynyň çinownikleri, häkimler, polisiýa işgärleri tarapyndan grаždanlyk hukuklarmyzyň depelenmegi indi adaty zada öwrüldi. Bir edaraň başlygy, islese, seniň arzaňy alyp, seni peýwagtyna köçä taşlap bilýär. Ýa-da häkimligiň işgärleri ýaşap oturan jaýyňy ýykýarlar. Türkmenistanyň «Zähmet kodeksinde» her bir adama hepde-de 40 sagat işlemäge hukuk berilse-de, bazar güni bag ekişlige ýa-da “Serdar ýoluna” gelmediň diýip, seni işiňden bikanun çykarýarlar.

Biz bu bolýan zatlara gaýtawul bermeli diýip, asla pikir hem etmeýäris. Hakykatda bolsa, şu ýagdaýlara düşemizde biz hökman adwokatlara ýüz tutmaly. Olar bilen iň soňky ýokary Suda çenli gidip, gerek bolsa BMG-niň adam hukuklary bölümine hem barmaly. Emma, Saparmyrat Nyýazow şeýle ýagdaýlar döremez ýaly köp ýyllaryň dowamynda «Аdwokatlar hakynda» döwrebap kanunyň kabul edilmegine ýol bermän geldi.

Täze kanunyň öňküden name tapawudy bar?

Köne kanun 37 maddadan ybaratdy. Onda adwokatlaryň diňe «Adwokatlar kollegiýasynda» hasaba durup, işläp bilýänligi aýdylýardy. «Adwokatlar kollegiýasy» Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligine tabyndy, olar özbaşdak işläp bilmeýärdiler.

2010-njy ýylyň 14-nji maýynda kabul edilen «Adwokatura we Adwokatçylyk işi hakyndaky» täze kanun 48 maddadan ybarat. Onuň 18-nji maddasy «Adwokatlyk işini guramagyň görnüşleri» diýlip atlandyrylýar. «Adwokatyň öz işini „Adwokatlar kollegiýasynyň“ düzüminde, ýuridik maslahathananyň üsti bilen amala aşyrmaga, beýleki adwokatlar bilen bilelikde adwokatlar birleşigini döretmäge, şeýle hem adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrmaga hukugy bardyr».

Adwokatlaryň işlerini özbaşdak amala aşyrmaga hukugy kanunyň 31-nji maddasynda hem giňişleýin berlipdir. Madda bäş bölümden ybarat.

1. Adwokat adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyryp biler.

2. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat welaýat, welaýat hukukly şäher Adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumyna özi barada maglumatlary ibermäge borçludyr. Ol maglumatlar adwokatlyk işini amala aşyrmak bilen, ynanyjylary kabul edýän ýeriniň anyk poçta, telefon, telegraf, elektron salgysy we bankdaky hasaplaşyk hasaby baradaky maglumatlardan ybaratdyr.

3. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bankda hasaplaşyk hasabyny açýar we ýuridik kömegi üçin edilýän tölegler şol hasaplaşyk hasabyna tölenmelidir.

4. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasyndaky ýuridik kömek baradaky her bir baglaşylan şertnama adwokat tarapyndan ýöredilýän resminamalarda hasaba alynmaga degişlidir.

5. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat adwokatlyk işini amala aşyrmak üçin özüniň ýa-da maşgala agzalarynyň hususy eýeçiligine degişli ýaşaýyş jaýlaryny olaryň razylygy bilen ulanyp biler. Onuň adwokatlyk işini amala aşyrmak üçin ulanýan jaýy özi we özüniň maşgala agzalary tarapyndan kärendä ýa-da kireýine alynýan ýagdaýynda, jaýy adwokatlyk işini amala aşyrmak üçin ulanmak kärendä berijiniň, kireýine alyjynyň we kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň razylygy bilen amala aşyrylýar».

Görşümiz ýaly, täze kanunda adwokatlara erkin, özbaşdak işlemek mümkinçiligi berlipdir. Şol mümkinçilik şu ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanda doly öz güýjüne girýär. Eger-de Türkmenistanyň adwokatlary adyl kanuna sarpa goýýan ýuristleri, şu kanundan peýdalanyp, özbaşdak adwokatlyk işlerini döredip bilseler, onda ýakyn ýyllarda ýurdumyzda adаlatyň ugrunda, bikanunçylyga garşy, berk durup, gaýtawul berip bolar. «Ynama bil baglan ýeňer» diýipdirler.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG