Sepleriň elýeterliligi

Dünýä möçberinde adam hukuklarynyň bozulmasy


Amnesty International guramasynyň 2009-njy ýyla syn berip ýaýradan hasabatynda gynamalaryň, adalatsyzlygyň tutha-tutluklaryň, jynsparazlygyň we beýleki eden-etdilikleriň dünýäniň Amerikadan Aziýa çenli ähli künjeklerinde bolup geçenligi aýdylýar.


Adam hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly wakalar 2009-njy ýylda dünýäniň 159 ýurdunda hasaba alyndy diýip, Amnesty International guramasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Hasabata görä, ynsan hukuklaryna hormat goýmazlygy sebäpli uzak wagtlap tankyt edilip gelnen Orsýetde 2009-njy ýylda örän ujypsyz öňegidişlikler boldy. Munuň ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryň beren wadalaryna gabat gelmeýänligini Amnesty International guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Andrea Huber belledi.

Amnesty International guramasynyň wekiliniň bellemegine görä, Demirgazyk Kawkazdaky ýagdaý iň uly aladany döredýär. “Adamlaryň ýitirim edilmegi, öldürilmegi, tötänden tussag edilmegi ýaly wakalar dowam edýär. Adamlar ýaragly toparlar we kanuny goraýjylar tarapyndan edilýän zorluklaryň pidasyna öwrülýärler. Jenaýatçylar jogapkärçilige çekilmeýärler”.

Hasabatda Orsýete berlen bahalarda geçen ýylda ýurtda hökümetiň adyna tankyt bilen çykyş edenleriň galp aýyplamalar bilen saklanmagynyň we tussag edilmeginiň hem hasaba alnanlygy aýdylýar.

Merkezi Aziýa, Kawkaz we beýlekiler

Andrea Huber adalatsyzlyklaryň Kawkazda-da, Merkezi Aziýada-da bolanlygyny belledi.

Amnesty International guramasynyň wekiliniň sözlerine görä, geçen ýylda, meselem, Gazagystanda gynamalar we rehimsizlik praktikasy höküm sürdi. “Şeýle eden-etdiliklere adamlar esasan tussag edilen wagtynda we tussaglygyň ilkinji günleri sezewar edilýärler. Adamlaryň tussaglygy bilen bagly bikanunçylyklara sebäpkärleri jogapkärçilige çekmäge mümkinçilik ýok”.

2009-njy ýylda dünýäde ynsan hukuklaryna garşy edilen gödek hereketler öňki Sowet Soýuzynyň döwletleri bilen çäklenmedi. Geçen ýylyň iýunynda Eýranda prezidentlik saýlawlarynyň yz ýany dörän syýasy garşylyk rehimsizlik bilen basylyp ýatyrylypdy. Ýurtda pikir we söz azatlyklarynyň öň görlüp-eşidilmedik derejede çäklendirilip, mobil telefonlaryň hem internet serişdeleriniň petiklenenligi hasabatda bellenilýär.

Pakistanda aýallaryň ar-namys sebäpden öldürilmegi, Serbiýada bolsa syganlaryň kemsidilmegi ýaly wakalar hem ýüze çykdy.

Käbir öňegidişlikler

Emma 2009-njy ýylda dünýäde adam hukuklaryna degişli käbir öňegidişlikleriň-de bolanlygy Amnesty International guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda öz ýurdunda eden jenaýatçylygy üçin jogapkärçilige çekilmedik adamlary ýurduň daşynda halkara kanunlar esasynda suda çekmek boýunça kanunyň halkara derejesinde kabul edilmegi öňegidişlik atlandyrylýar.

Amnesty International guramasynyň ýyllyk hasabatynda berilýän teklipleriň arasynda häzirki wagtda täze prezidentlik möhletine girişýän Sudanyň prezidenti Omar Al Beşiri adamzada garşy eden jenaýatlary sebäpli Halkara jenaýat suduna çekmek teklibi öňe sürülýär. Şundan ugur alsaň, onda döwlet baştutany wezipesinde oturan kişi ilkinji gezek özüne garşy Halkara derejesinde bildirilen hukuk aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Amnesty International guramasy Orsýete, Hytaýa we ABŞ-a Halkara Jenaýat suduna goşulmak çagyryşy bilen ýüzlendi.
XS
SM
MD
LG