Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Chevron” kompaniýasynyň işlerine alada bildirilýär


“Chevron” dünýäde nebit boýunça iş alyp barýan iň uly kompaniýalardan biridir. Ol dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bir hatarda Merkezi Aziýada, şol sanda Gazagystanda hem iş alyp barýar.


Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Crude Accountability” atly gurama 19-njy maýda “Chevron” kompaniýasynyň Gazagystanyň nebit ýataklarynda alyp barýan işleriniň daşky gurşawa ýaramaz täsir ýetirýänligini belledi.

Şol hasabatda ýurtda höküm sürýän syýasy ýagdaýlar zerarly “Chevron” Türkmenistan bilen işleşmezlige çagyrylýar.

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir “Crude Accountability” guramasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Mişel Kinman bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen bu hasabaty ýaýratmagyňyzyň sebäbi barada maglumat beräýseňiz?

Mişel Kinman: Bu hasabatyň maksady “Chevron” kompaniýasynyň tutuş dünýäde alyp barýan işlerine ünsi çekmek.

Bu hasabatda diňe Gazagystan we Türkmenistan barada-da däl, “Chevron” kompaniýasynyň beýleki ýurtlarda alyp barýan işleri we onuň daşky gurşawa ýetirýän zyýany hakda hem maglumat berilýär. Bu maglumatlary jemläp çap etmek arkaly biz “Chevron” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň bu meselä ünsüni çekmäge synanyşdyk.

Azatlyk Radiosy: Geçiren barlaglaryňyzda “Chevron” kompaniýasynyň Gazagystanda, Türkmenistanda we Hazar regionynda alyp barýan işleri hakda nähili ýagdaýlar ünsüňizi çekdi?

Mişel Kinman: Gazagystan bilen bagly biziň ünsümizi çeken zat Garaçaganak nebit ýataklary bilen baglydyr. Şol regionda “Chevron” kompaniýasynyň alyp barýan işleri aç-açan däl, ol işler hakda ýeterlik maglumat berilmeýär.

Şeýle-de alnyp barylýan işlerde korrupsiýanyň ornaşanlygy hem-de şol operasiýalaryň ekologiýa ýaramaz täsir ýetirýändigi aýdylýar. Elbetde, şeýle aýyplamalar diňe Gazagystanda däl, “Chevron” kompaniýasynyň beýleki ýurtlarda alyp barýan operasiýalaryna-da degişli.

Häzirki döwürde bizi alada goýýan esasy zat “Chevron” kompaniýasynyň diňe Gazagystanda alyp barýan işleri bilen hem bagly däl, eýsem esasy aladamyz “Chevron” kompaniýasynyň Türkmenistanda hem iş alyp barmaga we şol ýurtda maýa goýmaga isleg bildirmegi bilen bagly.

Azatlyk Radiosy: Siz “Chevron” kompaniýasynyň alyp barýan işleriniň Gazagystan bilen bagly böleginde kompaniýanyň operasiýalaryna korrupsiýanyň ornaşanlygyny, daş-töwerege ýaramaz täsirini ýetirýänligini we adam hukuklarynyň kemsidilmegine-de sebäp bolýanlygyny aýdýarsyňyz. Bu aýyplamalaryňyz bilen bagly takyk mysal getirip biljekmi?

Mişel Kinman: Gazagystanyň Garaçaganak nebit ýataklarynda iş alyp barýan konsorsiumyň agzalaryndan biri Italiýanyň ENI atly nebit kompaniýasydyr. Bu kompaniýanyň Garaçaganakda alyp barýan işlerine korrupsiýanyň aralaşanlygy barada Italiýanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde ýaňy-ýakynda maglumatlar peýda boldy.

Agzalan nebit ýataklarynda iş alyp barýan diňe “Chevron” däl, emma bir konsorsium, şonda olaryň hemmesiniň paýy bar. Netijede ENI bilen bagly bu wakanyň ýüze çykmagy bizi alada goýýar.

Azatlyk Radiosy: “Chevron” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen bagly alyp barýan işleri hakda nähili maglumatyňyz bar?

Mişel Kinman: Häzirki döwürde “Chevron” Türkmenistanda iş alyp barmaýar. Elbetde, bu kompaniýanyň Aşgabatda wekilhanasy bar, ol nebit bilen bagly Türkmenistanda geçirilýän dürli çärelere maliýe goldawyny berýär. Emma “Chevron” geçen ýyl Türkmenistanyň Ýolötendäki gaz ýataklaryna maýa goýmaga gyzyklanýanlygyny habar berdi. Olaryň ýurtda maýa goýmaga isleg bildirýänligi baradaky habar, meniň pikirimçe, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan geçen aý tassyklandy.

“Chevron” entek Türkmenistanda işe başlamasa-da, Türkmenistanyň prezidenti bu kompaniýa bilen işleşmäge umyt edýänligini beýan etdi.

Ýene soňky döwürlerde ýüze çykan gyzykly bir waka, şu hepde “Chevron” kompaniýasynyň ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçirilýän ýygnagydyr. Şol ýygnakda “Chevron” kompaniýasynyň paýdarlarynyň duşuşygy bolar. Bu duşuşygyň uly bir bölegi hem “Chevron” kompaniýasynyň Direktorlar geňeşine täze agzany kabul etmek meselesine bagyşlanar. Direktorlar geňeşine kabul ediljek täze agzalardan biriniň hem öňki senator Çek Heýgudygy aýdylýar. Çek Heýgu Hazaryň nebit baýlygy bilen uzak wagtdan bäri gyzyklanyp gelýän ýolbaşçydyr. Biziň pikirimizçe, bu “Chevron” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary bilen barha köp gyzyklanýanlygyny aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan “Chevron” bilen hyzmatdaşlyk barada gürrüň edilende nähili meselelere üns bermeli?

Mişel Kinman: Bu gaty gyzykly sorag, sebäbi biz bu meselä beýleki nukdaýnazardan çemeleşýäris, ýagny Türkmenistan bilen işleşip başlanda “Chevron” nähili ýagdaýlara üns bermeli?

Biz bu ýurtda adam hukuklary we beýleki meseleler barada görnetin ösüşler göze ilmedik halatynda ”Chevron” kompaniýasynyň Türkmenistanda maýa goýmazlygyny gazanmaga çalyşýarys.

Türkmenistanda repressiw režimiň höküm sürýänligi hakda biz öňem “Chevron” kompaniýasyna maglumat berdik. Biz şol maglumatlarda esasanam gaz we nebitden gelýän serişdäniň Türkmenistanda döredilendigi aýdylýan “Durnuklaşdyryjy fondda” toplanylýanlygy baradaky meselä ünsi çekdik. Sebäbi biz hakykatdanam şonuň ýaly bank hasabynyň bardygyny tassyklaýan hiç hili dokumente duşmadyk.

Türkmenistanda aç-açanlygyň ýokdugyny, adam hukuklaryna ýeterlik sarpa goýulmaýanlygyny hem-de kanunuň ileri tutulmagy ýaly meselelerde kemçilikleriň bardygyny aýdyp, “Chevron” kompaniýasyny bu ýurtda maýa goýmazlyga çagyrarys.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen işleşende “Chevron” kompaniýasynyň nähili meselelere üns bermelidigini aýtdyňyz, emma “Chevron” bilen hyzmatdaşlyk edende Türkmenistan nähili meselelere üns bermeli? Sebäbi siz bu kompaniýanyň Gazagystan ýaly ýurtlarda alyp barýan işlerinde uly kemçilikleriň bardygyny aýdýarsyňyz.


Mişel Kinman: Elbetde, türkmen hökümeti hem “Chevron” bilen gelinjek islendik ylalaşykda bu kompaniýanyň Gazagystanda alyp barýan işleri zerarly daşky gurşawa ýeten zyýana hem-de adam hukuklarynyň depgilenmegi ýaly zatlara üns bermeli. Şeýle-de bu “Chevron” bilen bagly ýüze çykan ilkinji waka däldir, sebäbi bu kompaniýanyň beýleki ýurtlarda alyp barýan işleri hakda hem o diýen maglumat berlip duranok.

Bu kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barmakçy bolýan işlerine-de Aşgabat aýratyn üns bermeli.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde nebit bilen bagly ABŞ-da aýylganç waka ýüze çykdy. Meselem, Meksikan aýlagynda ýerleşýän nebit ýataklarynda bolan pajygaly waka zerarly daş-töwerege we ilatyň saglygyna uly howp abanýanlygy aýdylýar. Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Orsýetiň hem ýerasty baylyklarynyň uly bir bölegi Hazar deňizinde ýerleşýär, şeýle ýagdaýda bu deňze ýa onuň töwereginde ýerleşýän ýurtlara nähili howp abanýar?

Mişel Kinman: Bu barada ilki bilen göz öňünde tutulmaly zat, Meksika aýlagynda iş alyp barýan kompaniýalara üns bermekdir. Şol nebit ýataklary “British Petroleum” kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar, emma nebit guýularyny gazmak işi “Trans Ocean” kompaniýasyna tabşyrylan.

“Trans Ocean” öz alyp barýan işi boýunça dünýäniň iň uly kompaniýalaryndan biri we bu kompaniýa Hazar deňzinde hem iş alyp barýar. Eger ýalňyşmaýan bolsam, “Trans Ocean” kompaniýasynyň Türkmenistanda iş alyp barýan käbir şirketlere hem dahyly bar.

Ýerleşýän ýeri boýunça gürrüň edilende, elbetde, Meksika aýlagy bilen Hazar deňzi biri-birinden gaty uzakda, emma şol ýerlerde iş alyp barýan şirketlere seredenimizde, olar belli bir derejede biri-birine ýakyn kompaniýalardyr. Onsoň şol kompaniýalaryň iş alyp barýan regionynyň nirede ýerleşýänligine garamazdan, daş-töwerege zyýan ýeten halatynda olar jogapkärçilige çekilmeli.

Hazar deňzi barada gürrüň edilende, bu meseläni hasam çylşyrymlaşdyrýan problema – deňziň kanuny statusynyň anyk bolmazlygydyr. Bu hem nebit ýataklarynyň eýeçiligi barada käbir ylalaşmazlyklara sebäp bolýar.
XS
SM
MD
LG