Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International: Türkmenistanda öňkülik


Amnesty International, ýagny Halkara Günägeçiş guramasy täze ýaýradan ýyllyk hasabatynda esasan güýçli ýurtlaryň arasyndaky syýasy çekeleşigiň adam hukuklaryna ýetirýän ýaramaz täsirine üns berýär.


Penşenbe güni Londonda ýaýradylan we 159 ýurdy öz içine alýan şol hasabatda dünýäniň güýçli ýurtlarynyň adam hukuklary bilen bagly kanuny äsgermezliginiň dünýäde adalatyň ýaýbaňlanmagyna ýaramaz täsirini ýetiriýänligi aýdylýar.

Bu guramanyň hasabatynda postsowet ýurtlary barada çap edilen maglumatda esasanam Orsýet, Gazagystan we Gyrgyzystandaky ýagdaýlara üns berlip, şol ýurtlarda 2009-njy ýylda hem adam gynamalar boýunça dürli wakalaryň ýüze çykanlygy aýdylýar.

Amnesty International guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary Andrea Huberiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Orsýetde žurnalistleriň öldürilýänligi baradaky wakalar barada, umuman aýdylanda, derňewler geçirilmedi, ýagny kimdir birine garşy ýeterlik çäre görülmedi.

“Regionda ýerleşýän beýleki ýurtlarda hem žurnalistler we hukuk goraýjy aktiwistler huligançylyk ýaly etmişlerde aýyplanyp, gynamalara, gorkuzmalara, ýanamalara we tussaglyga sezewar edildiler” diýip, Huber aýdýar.

Türkmenistandaky ýagdaýlar

Şol hasabatda Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan bilen bir hatarda Türkmenistandaky ýagdaýlara hem üns çekilýär.

Amnesty International guramasynyň maglumatyna görä, türkmen resmileri 2002-nji ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýilýän bilen bagly tussag edilen adamlar barada maglumat bermezligini dowam etdirdi.

Amnesty International guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary Andrea Huber Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde türkmen hökümetiniň diňe bendiler barada maglumat bermezlik bilen çäklenmän, daşary ýurtlarda sürgünlikde ýaşaýan türkmenleriň Türkmenistandaky maşgala agzalaryna-da basyş edilýänligini öňe sürýär.

Halkara Günägeçiş, ýagny Amnesty International guramasynyň täze ýaýradan hasabatynyň Türkmenistan bilen bagly böleginde aýratynam wyždan ýesirleri barada gürrüň edilýär.

Maglumatda aýdylyşyna görä, “Aktiwist Andreý Zatoka 29-njy oktiýabrda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen diňlenişikde “huligançylykda” aýyplanyp bäş ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi. Emma ol halkara jemgyýetçiliginiň basyşy sebäpli boşadyldy, ýöne Zatoka bilen onuň maşgala agzalary Türkmenistany terk etmäge mejbur boldular”.

Amnesty Internationalyň maglumatynda daşky gurşawy goraýjy aktiwist Zatokanyň Türkmenistanyň çäginden çykmagy söz berensoň, azat edilenligi we şunlukda onuň Orsýete göçüp gidenligi aýdylýar.

Amnesty International guramasy hukuk goraýjy aktiwist Annagurban Amangylyjowyň we Sapardurdy Hajyýewiň henizem türme tussaglygynda saklanýanlygyna ünsi çekýär.

Metbugatyň çäklendirilmegi

Amnesty International aýratynam Türkmenistanda köpçülikleýin habar serişdeleriniň döwlet eýeçiliginde galmaklygyny dowam etdirýänligini we netijede bu ýurtda bolup geçýän wakalar hakda doly maglumat almaklygyň gaty kyndygyny belleýär.

Andrea Huberiň aýtmagyna görä, bu gurama Türkmenistandaky adam hukuklarynyň kemsidilmegi bilen bagly maglumat toplanynda dürli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. “Iň esasy mesele-da hukuk goraýjy aktiwistleriň berk gözegçilik astynda saklanmagydyr, bu olaryň ýurtda bolup geçýän wakalar barada daşary ýurtlara maglumat ýetirmegini has kynlaşdyrýar.”

Andreý Huber Türkmenistanda iş alyp barýan garaşsyz žurnalistlere, halkara habar beriş serişdeleriniň habarçylaryna uly päsgelçilikleriň döredilýändigini, olaryň bu ýurda giriş-çykyşlaryna ýiti çäklendirmeleriň girizilýändigini belleýär.

Amnesty International guramasy şeýle ýagdaýlar sebäpli Türkmenistan bilen bagly işini dowam etdirjekdigini nygtaýar.
XS
SM
MD
LG