Sepleriň elýeterliligi

Stawropoldaky partlama boýunça jenaýat işi gozgaldy


Anna güni Orsýetiň häkimiýetleri ýurduň günortasyndaky Stawropol şäherinde öten agşamky amala aşyrylan uly ýitgili partlama boýunça jenaýat işini gozgady.

Çarşenbe güni giçlik Stawropol şäherindäki medeniýet öýüniň öňünde amala aşyrylan bu partlamada azyndan 7 adam ölüp, 40 töweregi adam hem ýaralandy.

Ýerli häkimiýetler bu partlamanyň elde ýasalan ýörite partlaýyjy enjamy partlatmak arkaly amala aşyrylandygyny aýdýarlar.

Häzirlikçe bu partlamanyň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG