Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Merkezi Aziýa boýunça Media konferensiýasyny geçirdi


Şu hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Merkezi Aziýa boýunça Media konferensiýasyny geçirdi.

Bu konferensiýa Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň bäşisindenem, şol sanda, Türkmenistandan hem habar serişdeleriniň resmileri we žurnalistler gatnaşdylar.

YHHG-niň mediýa azatlygy boýunça ýörite wekili Dunja Mijatowiç bu ýurtlaryň hökümetlerini informasiýa elýeterliligini ýeňilleşdirmeklige we bu ugurda has açyk syýasat alyp barmaklyga çagyrdy.

Merkezi Aziýa boýunça Mediýa konferensiýasy Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Şwesiýa we Litwa tarapyndan maliýeleşdirildi.
XS
SM
MD
LG