Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International ýyllyk hasabatyny ýaýratdy


Anna güni ynsan hukuklaryny goraýjy halkara Amnesty International guramasy dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýy barada özüniň ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

Bu hasabatda Amnesty International guramasy 2002-nji ýylda döredilen Halkara suduna dünýäniň birnäçe uly ýurdunyň henize çenli agza bolman gelýändigini belläp, bu ýagdaýyň hem ynsan hukuklaryny goramakda belli bir kynçylyklary döredýändigini nygtapdyr.

Guramanyň hasabatynda, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl hem ynsan hukuklary meselesinde Türkmenistandaky ýaramaz görkezijilere üns çekilipdir.

Guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Andrea Hubr bu barada şeýle diýdi: «Türkmenistan bilen bagly esasy problemalardan birem hiç bir halkara guramasynyň we BMG-niň hiç bir mehanizminiň bu ýurda goýberilmeýänligidir. Şoňa görä, bu ýurtdaky ynsan hukuklarynyň bozulmalary barada maglumat toplanymyzda, biziňem mümkinçiliklerimiz çäkli boldy».

Munuň üstesine, Türkmenistandaky aktiwistler hem örän berk kontrollyk astynda iş alyp barýarlar we hatda maglumatlary ýurtdan daşary çykarmakda-da özlerini uly töwekgelçilige salýarlar» diýip, Amnesty International guramasynyň wekili Andrea Hubr belledi.
XS
SM
MD
LG