Sepleriň elýeterliligi

Tähranda radikal sünni toparynyň lideri sud edilýär


Düýn Tähranda radikal sünni toparynyň lideriniň üstünden sud prosessi başlandy.

Şol toparyň ençeme teraktlara we onlarça adamyň ölümine jogapkärdigi habar berilýär.

Abdulmälik Rijä 80 jenaýata gatnaşykda günä bildirildi.

Hepdäniň duşenbe güni Rijiniň dogany jezalandyrylyp öldürildi, sud ony partlamalary gurnamakda, garakçylykda hem neşe söwdasynda günäli tapdy.
XS
SM
MD
LG