Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da çuňdan burawlamaga 6 aýlyk maratoriýa girizilýär


Meksikan aýlagynda betbagçylyga uçran skwažnadan nebitiň çykyp-çykýamaýanydygy bilen bagly ýagdaýy ýörite komissiýa doly öwrenýänçä, ýurtda çuňdan burawlamaga alty aýlyk maratoriýa grizilýändigini ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ak Tamda bolan metbugat konferensiýada yglan etdi we British Petroleum kompaniýasynyň buraw platformasynda bolan partlamany “aýlyganç katastrofa” diýip atlandyrdy.

Kompaniýanyň işine Waşingtonyň doly kontrollyk edýändigini, bu betbagçylygyň ýetiren zyýanynyň öwezini British Petroleumdan talap etjekdigini Obama aýtdy.

Ekspertleriň berýän bahasyna görä, her gün aýlagyň suwuna 12 bilen 25 müň barrel aralygynda nebit goşulýar.

ABŞ-nyň territorial suwlaryndaky ekologik katastrofa bilen bagly geçirilen jemgyýetçilik pikir soralyşygynda 60% amerikaly hökümetiň görýän çärelerinden kanagatlanmaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG