Sepleriň elýeterliligi

Stawropoldaky terakt boýunça birnäçe adam güman edilýär


Stawropolyň merkezinde 26-njy maýda bolan terakta gatnaşykda güman edilýän birnäçe adamy derňew organlary kesgitledi.

Bu barasynda Orsýet Federal howpsuzlyk gullugynyň Stawropol ülkesi boýunça edarasynyň başlygy Ýewgeniý Nazarow aýtdy.

Medeniýet öýünde bolan partlamada ýedi adam heläk boldy, kyrk gowragy ýaralandy.

Häzir keselhanada 30 adam bar, şolardan bäşisiniň ýagdaýy gaty agyr.

Teraktyň pidalarynyň garyndaşlaryna federal býujetden 700 müň rubl, jebir çekenlere 150-den 300 müňe çenli pul tölemek karar edildi.

Şu gün Stawropol ülkesinde matam günüdir.
XS
SM
MD
LG