Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň täze howpsuzlyk plany diplomatiýa daýanýar


Obamanyň administrasiýasynyň milli howpsuzlyk strategiýasynda Buş döwründen tapawutlylykda global hyzmatdaşlyk we berk diplomatiýa bil baglanylýar. Maksat harby güýje daýanmak zerurlygyny çäklendirmek.


Täze dokumentde howpsuzlyk we ykdysady düzgün-nyzamyň arasyndaky baglanyşyga hem uly ähmiýet berilýär. 52 sahypalyk dokumentde ýadro ýaraglarynyň ýaýramagyndan tutup, internet urşuna çenli özara berk baglanyşykly, çylşyrymly häzirki zaman dünýäsine howp salmagy mümkin ýagdaýlar suratlandyrylýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton 27-nji maýda Waşingtonyň Brookings Institutynda eden çykyşynda bu strategiýada howpsuzlygyň toplumlaýyn çäreleriň özenini emele getirýänligini nygtady.

“Bu göwrümli milli howpsuzlyk strategiýasy. Ol biziň içerdäki güýjümizi, watanyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky borçnamamyzy, milli goranyş we daşary syýasatymyzy integrirleýär. Sözüň gysgasy, bu strategiýa milli bähbitlerimizi ilerlerdip, umumy problemalary çözmek üçin Amerikanyň ýolbaşçylygyny güýçlendirmek hem ondan peýdalanmak barada” diýip Klinton aýtdy.

Harby güýç ulanmagy çäklendirmek


Öňki administrasiýanyň strategiýasynda howpuň öňüni almak üçin uruş ündelýärdi. Häzirki strategiýada bolsa, Birleşen Ştatlaryň ilkinji bolup, zarba urmak ýa harby güýç ulanmak zerurlygyny çäklendirmek göz öňünde tutulýar. Ýöne “harby güýç asla ulanylmaz” diýlenok.

“Güýç ulanmak zerur bolan ýagdaýynda uruşdan öň, başardan ýerinde, biz beýleki mümkinçilikleriň ählisini synap göreris. Bu işi etmek bilen etmezligiň harajatyny we howplaryny pugta ölçäris” diýip, dokumentde aýdylýar.

Oppozisiýada durýan Respublikanlar: “Obamanyň strategiýasynda harby güýjüň nygtalmazlygynyň Birlşen Ştatlara zyýan ýetirmegi mümkin” diýýärler.

Hanym Klinton eden çykyşynda muňa hem jogap berdi: “Biziň güýjümiz azalanok. Ýöne biz bu güýji dürli ýollar bilen ulanmaly. Häzir ony göni ulanmakdan çylşyrymly, kyn ulanyşa, gytaklaýyn güýç we täsiri garyp ulanmaga ýykgyn edilýär”.

Howpsuzlyk we ykdysadyýet

Obamanyň strategiýasynda howpsuzlyk bilen ykdysady ýagdaýyň arasyndaky baglanyşyk barada hem durlup geçilýär. Bu aýratyn-da maliýe krizisi doly sowulman, iki urşa pul gidýän häzirki wagtda möhüm.

Klinton öz çykyşynda maliýe problemalarynyň çözülmezliginiň ýurduň dünýadäki ornuna zyýan ýetirmeginiň mümkinligine ünsi çekdi: “Bileşen Ştatlar daşarda güýçli boljak bolsa, içerde güýçli bolmaly. Biz ynam bilen ýolbaşçylyk etmeli. Öz ýurdumyzda güýç hem täsirli bolmaga ýagdaý döretmeli”.

Täze howpsuzlyk strategiýasynda ýadro programmalary barada Eýran bilen Demirgazyk Koreýa hem duýduryş berilýär.
XS
SM
MD
LG