Sepleriň elýeterliligi

“Aşgabat şu pursatdan peýdalanmaly”


Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozy (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) günortanlyk naharynyň öňüsyrasynda, 1-nji fewral, 2010-njy ýyl.

Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozy (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) günortanlyk naharynyň öňüsyrasynda, 1-nji fewral, 2010-njy ýyl.

Fransiýanyň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Fransua Zimere Türkmenistana edýän saparynyň dowamynda düýn Mejlisiň wekilleri, şol sanda Mejlise bagly komitetleriň agzalary bilen pikir alyşdy.


Fransiýanyň adam hukuklary boýunça ilçisi Fransua Zimere
Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň maglumatyna görä, bu saparyň dowamynda fransuz wekili türkmen parlamentiniň alyp barýan işleri bilen hem tanyş bolupdyr. Şol duşuşyklarda fransuz ilçisiniň Mejlisiň adam hukuklary bilen bagly amala aşyrýan işleri hakda hem tanyşdyrylanlygyny habar berilýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy fransuz ilçisiniň Türkmenistana sapar etmegine gowy baha berip, bu adam hukuklary we metbugat azatlygy baradaky meseleleri gozgamaga mümkinçilik berer diýýär.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň baş redaktory Jilles Lordet Azatlyk Radiosy bilen Fransiýanyň paýtagty Parižden telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde bu barada şeýle diýdi: “Türkmenistan gaty üzňe ýurt, şonuň üçin biz ilçiniň bu ýurda sapar etmegini goldaýarys. Halkara jemgýyetçiliginiň Türkmenistanda bolup geçýän wakalar bilen gyzyklanmagy zerur. Biz hat-da dünýäniň iň erbet režimleri bilen hem dialog geçirilmeginiň tarapdary”.

Türkmenistanyň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, fransuz ilçisiniň milli parlamentiň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda esasanam BMG-niň kanunlarynyň we beýleki halkara kanunlaryň durmuşa geçirilişi hakda gürrüň edilipdir. Elbetde, bu wakalaryň jikme-jigi barada doly maglumat berilmeýär.

Gowy pursat

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň baş redaktory Jilles Lordet, bu saparyň Türkmenistan üçin hem gowy mümkinçilik döredýänligini belläp, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde ýene-de şeýle diýdi: “Biziň pikirimizçe, bu türkmen hökümeti üçin hem söz we metbugat azatlygy, şeýle-de adam hukuklary barada halkara jemgyýetçiligi bilen hakyky gepleşikleri ýola goýmak nukdaýnazaryndan gowy pursat döredýär. Biz fransuz ilçisiniň Türkmenistana edýän bu saparynyň Aşgabat üçin şu jähtden gowy mümkinçilik diýip, pikir edýäris”.

Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň bu pursatdan hakykatdan hem jenap Lordetiň aýdyşy ýaly peýdalanyp-peýdalanmajagyny aýtmak kyn. Emma Fransiýa ýaly uly bir döwletiň adam hukuklary boýunça ýörite wekiliniň Türkmenistana barmagy welin, halkara jemgyýetçiliginiň bu ugur bilen aýratyn gyzyklanýanlygyny aňladýar.

Fransuz ilçisiniň Türkmenistanyň prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutyň we Din işleri boýunça geňeşiň agzalary bilen duşuşmagy ilçiniň bu saparynyň diňe adaty bir sapar däldigini aňladýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň baş redaktory Jilles Lordet Fransiýanyň paýtagty Parižden bu barada Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde şeýle diýýär: “Elbetde, jenap Zimereniň Türkmenistana sapar etmegine esas bar. Sebäbi Türkmenistan adam hukuklary, söz we metbugat azatlygy barada aýdylanda, iň erbet ýurtlardan biri. Şonuň üçin ýagdaýy üýtgetmek barada edilmeli zat gaty köp, serediň, häzirki döwürde garaşsyz žurnalistleriň Türkmenistanda iş alyp barmagy mümkin däl, şeýlelik-de bu ýurt bilen bagly diskussiýa edilmeli zat gaty kän”.

Fransuz ilçisi Türkmenistana sapar etmezden ozal “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Aşgabadyň Günbatar bilen gatnaşygyny artdyrmak arkaly uly abraý gazanyp biljekdigi barada beýanat ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG