Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda günä geçişlige gol çekildi


28-nji maýda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli, “Iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” permana gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow şanly seneler mynasybetli iş kesilenleriň, toba edenleriň günäsini geçmek ýörelgäni dowam etmek bilen, azatlyga çykanlaryň öz maşgalasyna sag-aman gowuşmagy babatdaky meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Nazarguly Şagulyýew
Şeýle hem mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nazarguly Şagulyýewe garamagyndaky gulluklaryň işini talaba laýyk guramakda ýol beren kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşatjakdygyny duýduryş berdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG