Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Lahor şäherinde metjide hüjüm edildi


Anna güni Pakistanyň Lahor şäherinde ýaragly söweşijiler iki sany metjide hüjüm edip, metjitleriň içine granat zyňdylar. Wakada azyndan 56 adamyň ölendigi habar berilýär.

Bu gürrüňi edilýän metjitler musulmanlaryň ahmediler toparyna degişli hasaplanylýar.

Pakistandaky radikal sünni ýaragly toparlary mundan ozal hem birnäçe gezek ahmedi musulmanlara garşy şuňa meňzeş ýaragly hüjümleri amala aşyrypdylar.

Bu gezekki hüjümleriň kimler tarapyndan amala aşyrylandygy barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG