Sepleriň elýeterliligi

Meksikan aýlagyndaky nebit guýup duran skwažina petiklendi


Anna güni Birleşen Ştatlaryň Deňiz serhet gullugy Meksikan aýlagynda indi bir aýdan gowrak wagt bäri deňze nebit guýup duran skwažinany petiklemekligiň başardandygyny habar berdi.

Ýöne Deňiz serhet gullugy deňziň astyndaky turbanyň toýun dykylyp baglanandygyny aýdyp, bu çäräniň näderejede ygtybarly boljakdygy barada heniz belli bir zat aýtmaklygyň kyndygyny mälim etdi.

Bu skwažina eýelik edýän «Britiş Petroleum» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Toni Haýward turba dykylan petigi berkitmek üçin şu gün giçlik ýene-de goşmaça çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

«British Petroleum» kompaniýasy bu skwažinanyň ýarylmagy sebäpli ýüze çykan nebit çüwdüriminiň öňüni almak üçin häzirki çekilen çykdajynyň 930 million dollara ýetendigini aýdýar.

Deňzi nebitden arassalamak işleri üçin indi has-da uly çykdajylar ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG