Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hindistanda ýolagçy otlusy demirýoldan çykdy


Anna güni irden Hindistanyň Günbatar Bengal ştatynda ýolagçy otlusynyň demirýoldan çykyp, agdarylmagy netijesinde azyndan 65 ölüp, 200-den gowrak adam hem ýaralandy.

Hindistanyň polisiýasy bu demirýol heläkçiliginde dessine maoçy ýaragly söweşijileri aýyplady.

Günbatar Bengal ştatynyň polisiýa edarasynyň başlygy Bhupinder Singh «Bu heläkçiligi maoçy ýaragly söweşijileriň gurnandygyny görkezýän aýdyň alamatlar bar» diýip, belledi. Ýöne bu barada nähili esaslaryň bardygy barada welin, ol anyk maglumat bermedi.

Bu demirýol heläkçiliginiň bolan ýeri Hindistandaky maoçy söweşijileriň täsirleriniň güýçli regiony hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG