Anna güni Amerikadaky «Ermenileriň milli komiteti» atly gurama Birleşen Ştatlaryň Azerbaýjandaky ilçisiniň wezipesine hödürlenen Matýu Braýzanyň kandidaturasyna täzeden ünsli garamaklyga çagyryş etdi.
Amerikadaky «Ermenileriň milli komiteti» atly guramanyň başlygy Aram Hamparýan Matýu Braýzanyň bu wezipä bellenmegi bilen bagly alada bildirmek üçin belli bir esaslaryň bardygyny aýtdy. Hususan-da, ol Matýu Bryzanyň mundan ozal dürli hili wezipelerde Kawkaz regiony boýunça meselelerde özüni professional derejede iş başaryjy adam hökmünde görkezip bilmändigini öňe sürdi.
Matýu Braýza soňky ýyllar Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça orunbasarynyň kömekçisi hem-de ÝHHG-niň Minsk toparynyň egindeş başlyklaryndan biri hökmünde iş alyp barypdy.