Sepleriň elýeterliligi

26-njy maýdan 31-nji maý aralygynda Türkmenistanyň orta bilim berýän mekdeplerinde klasdan-klasa geçiriş ekzamenleri geçirilýär.


Klasdan-klasa geçiriş ekzamenlerinde 4,5,6-njy klasyň okuwçylary iki, 7,8,9-njy klasyň okuwçylary bolsa üç predmetden ekzamen tabşyrarlar.

Klasdan-klasa geçiriş ekzamenleriniň ähmiýeti barada bilim ulgamynyň işgärleriniň arasynda kän çekeleşikler döreýär. Häzirki wagtda şeýle ekzamenleri geçirmegiň zerurlygynyň näderejede wajyplygy dogrusynda belli bir jogap bermek gaty kyn.

Ýekeje-de ikilikçi bolmaly däl!

Bilim ministrliginden berlen görkezmä laýyklykda mekdeplerde pes baha ýetişýän okuwçy bolmaly däl. Şu sebäpden soňky 20 ýylyň dowamynda, türkmen mekdeplerinde klasyndan galdyrylýan okuwça gabat gelnenok. Mekdeplerde klasyndan galdyrylýan okuwçynyň bolmazlygy Türkmenistanda okuwçylara bilim berlişiniň ýokary derejededigini aňladýar diýmek mümkin däl.

Iki ýyl mundan ozal ýurduň Bilim ministrliginden berlen görkezme okuwçylaryň ýetişigine has-da ýaramaz täsirini ýetirdi. Ministrlikden gelen buýruga laýyklykda, degişli dersden ikilik alan okuwçy hökmany suratda, mugalllym bilen sapakdan soň galyp, goşmaça okuw geçmeli. Bu bolsa, şeýle-de mekdep işinden daşarky köpçülikleýin çärelere gatnaşýan mugallymlara artykmaç ýük boldy.

Sapaklaryna pes ýetişýän okuwçy bilen goşmaça okuwa artykmaç aýlyk tölenmeýänligi sebäpli, mugallymlar bu meselä özleriçe aňsat çözgüt tapdylar. Olar sapaklaryna pes ýetişýän okuwçylara ikilik bahany goýmakdan asla ýüz öwürdiler. Bu bolsa ýaramaz netijäni berdi. Sapaklaryna taýýarlyksyz geleni üçin mugallymlardan garaw görmejegine düşünen okuwçylar, öý işlerini ýerine ýetirmän başladylar. Okuwçy mekdebe gatnamanda-da özüne üçlügiň goýuljagyna göz ýetirip başlady.

Mugallymlar tarapyndan obýektiw sebäplere görä, talabyň gowşamagy okuw okamaga höwesek okuwçylara-da ýaramaz täsirini ýetirýär.

Ekzamenler nähili geçirilýär?

Klasdan-klasa geçiriş ekzamenleriniň soraglary eýýäm aprel aýynda «Mugallymlar gazetinde» çap edilýär. Ekzamenleriň soraglary gazetde çap bolansoň, mugallymlar meýilnama boýunça sapaklaryny geçmegini bes edip, okuwçylaryna ýörite depder tutdurdyp, tomusky ekzamen döwründe boljak soraglaryň jogaplaryny olara ýazdyryp başlaýarlar.

Mugallymlaryň depderlerine ýazdyran jogaplaryny okuwçylar ekzamen döwründe açyk ulanýarlar. Okuwçylaryň bu hereketlerine mugallymlar tarapyndan hiç hili gadagançylyk edilmeýär.

Okuwçylaryň ekzamenlerden üstünlikli geçmegi mugallymlara juda wajyp. Sebäbi ekzamenden geçmedik okuwçy güýze galdyrylýar we ol mugallym üçin artykmaç problema öwrülýär.

Eger dilden geçirilýän ekzamenleriň soraglary bir aý öňünden gazetde çap edilýän bolsa, ýazuwdan boljak ekzamenler bir gün öňünden etrap, şäher bilim müdirligi tarapyndan mekdeplere paýlanyp berilýär.

Ekzameniň talabyna görä, degişli predmet boýunça bilim müdirliginden berlen ýazuw temasyna degişli konwert, ekzamen geçýän güni okuwçylaryň öňünde ýyrtylyp açylmaly. Emma muňa garamazdan, ol konwert mugallymlar tarapyndan öňünden açylýar we boljak tema boýunça öňünden meýilnama düzülýär.

Okuwçylaryň arasynda juda gowşaklar-da bar. Olaryň içinde hatda derekli hat ýazyp bilmeýänler-de gabat gelýär. Şeýle okuwçylaryň ýazuw işlerini mugallymlar başga klasyň okuwçylaryna ýazdyrýarlar.

Döwlet ekzamenlerindäki ýagdaý

Mekdebi tamamlaýan şu ýylyň uçurymlary dört ders boýunça, ýagny türkmen dili we edebiýaty, algebra, fizika hem-de jemgyýeti öwrenişden döwlet ekzamenlerini tabşyrarlar. Bu ekzamenler iýun aýynyň 1-12-si aralygynda geçiriler.

Uçurymlaryň gutardyş ekzamenleriniň geçirilişi hem klasdan-klasa geçiriş ekzamenlerinden kän bir tapawutlanmaýar. Mugallymlar uçurymlara ekzamenlerden üstünlikli geçmekleri üçin ýakyndan ýardam edýärler. Okuwçylary gutardyş ekzamenlerinden ýykmak diýlen düşünje asla “bolmaly däl”.

Mekdep okuwçylaryna talaplaryň şeýle derejede pes bolmagynyň netijesinde olaryň bilim almaga bolan höweslerini juda yza tesdirýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG