Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýada parlament saýlawlary tamam boldy


Çehiýada parlamentiň aşaky öýüne, Deputatlar palatasyna iki gün dowam eden ses berişlik tamam boldy.

Çehiýanyň STK habar gullugy 8 milliondan gowrak saýlawçynyň 60 prosente golaýynyň şenbe güni günortana çenli öz seslerini berendigini aýdýar.

Pikir soraşlyklar çep ganat Sosial demokratlaryň sesleriň köp bölegini aljagyny görkezýär. Ýöne olar aglaba köplüge eýe bolup bilmezler we koalisiýa hyzmatdaşlaryny gözlemeli bolar öýdülýär.

Habarlar 200 agzaly Deputatlar palatasynda 8 partiýanyň orun almak mümkinçiligi bar diýýär.
XS
SM
MD
LG