Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Günorta Koreýa gynanç bildirýär


Hytaýyň permýer-ministri Seula Günorta Koreýanyň söweş gämisiniň batmagy zerarly gynanç bildirdi.

Bu gäminiň batmagynda Phenýan günälenipdi.

Premýer-ministr Wen Žibao Hytaý köpmilletli derňew toparynyň delillerini çuňňur öwrenýär diýdi.

Mart aýynda Demirgazyk Koreýanyň torpedosy zerarly batdy diýilýän «Çeonan» gämisinde 46 deňizçi heläk boldy.

Bu gynanç hytaý, ýapon we günorta koreýa liderleri şu gün Günorta Koreýanyň Jeju adasynda duşuşandan soň bildirildi.

Günorta Koreýa, Ýaponiýa we Birleşen Ştatlar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Demirgazyk Koreýa çäre görülmegi üçin Hytaýyň goldawyny aljak bolýar. Emma Demirgazyk Koreýanyň esasy ýarany bolan Hytaý Phenýany bu hüjüm üçin günälemäge razylyk bildirmedi.
XS
SM
MD
LG