Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň nebit ýatagyndaky ýangyn 3 adamy öldürdi


Eýranyň döwlet radiosy Yrak bilen serehete golaý nebit ýatagynda dörän ýangynyň 3 adamy öldürip, 12 adamy ýaralandygyny aýdýar.

Bu habarda ýangynyň Nafi Şahrdaky nebit guýysynda, burawlanýan ýerden gaz syzmasy zerarly dörändigi aýdylýar.

Ýangyn bolan ýerine halas ediş işgärleri eltilipdir.

Eýran OPEC ýurtlarynyň ikinji uly nebit eksportçysy bolup, her gün 4.2 million barrel çemesi nebit öndürýär.
XS
SM
MD
LG