Sepleriň elýeterliligi

Amerikan sudýasy güman edilýän terrorçyny Pakistana ugardýar


Birleşen Ştatlaryň sudy Nýu-Ýorkdaky Taýms skwerinde bolan partlatma synanyşygynyň derňewi sebäpli tutulan pakistanly erkegi deportasiýa etmeli etdi.

Resmiler 27 ýaşly Aftab Aly Hanyň bu karardan şikaýat etmek üçin 30 gününiň bardygyny we onuň şol möhlet dolýança deportasiýa edilmejegini aýdýarlar.

Han 13-nji maýda Boston şäheriniň golaýynda immigrasiýa aýyplamalary bilen saklanan 3 adamyň biridir. Bu adamlar terror synanyşygynda esasy güman edilýän kişä, pakistan asylly amerikan Faýzal Şahzada pul kömegini bermekde güman edilýär.

Han özüniň Şahzat tutulmazyndan öň hiç wagt onuň adyny eşitmändigini aýdýar.

Amerikan häkimiýetleri bu üç erkegiň Şahzadyň ulag bombasyny taýýarlaýanyndan bihabar bolan bolmagynyň mümkindigini tassyk edýär.
XS
SM
MD
LG