Sepleriň elýeterliligi

Pakistan metjitlerde öldürilenleri jaýlaýar


Pakistanyň Lahor şäherinde ýaşaýan Ahmadi azlygy özlerine degişli iki metjitde bolan terror hüjümleriniň pidalaryny jaýlaýar.

Anna güni iki metjitde edilen hüjümler 80-den gowrak adamynyň ölümine, 100 çemesi adamyň bolsa ýaralanmagyna getirdi.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini Talyban we al-Kaýda bilen ilteşikli jeňçi topar öz üstüne aldy we yslam dininiň Ahmedi mezhebine uýýanlara has köp hüjüm ediljegini duýdurdy.

Musulmanlaryň köpüsi ahmedileri dinden çykan hasaplaýar we Pakistanyň hökümeti olary öz ynançlary sebäpli musulman däl diýip yglan etdi.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi bu hüjümleri halkara ýazgaryşynyň başyny çekýärler.
XS
SM
MD
LG