Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Küştçi Karpow Dünýä küşt federasiýasyna dalaşgär


Küştçi grossmeýster, ozalky dünýä çempiony Anatoliý Karpow Dünýä küşt federasiýasyna prezident bolmaga dalaşgärdigini aýdýar. Emma onuň bäsdeşi Kirsan Ilýumžinow Kremliň goldawyna daýanýar.


Dünýä Küşt federasiýasynyň prezidentligine dalaşgärligiň daşyndaky konflikt köp hepde bäri dowam edýär. Aprel aýynyň aýagynda Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi we Orsýeti küşt federasiýasynyň 32 agzadan ybarat gözegçiler geňeşiniň wekili Arkadiý Dworkowiçiň aprel aýynyň aýagynda aýtmagyna görä, Federasiýa Galmygystanyň prezidenti Kirsan Ilýumžinowyň gaýtadan saýlanmagyna goldaw bermekçi.

Ilýumžinowa berilýän goldaw

Ilýumžinow Dünýä küşt federasiýasyna 1995-nji ýyldan bäri baştutanlyk edýär.

Dworkowiç Ilýumžinowy goldamak boýunça kararyň Orsýet küşt federasiýasynyň we beýleki federasiýalaryň agzalary bilen geçirilen ençeme konsultasiýalaryň netijesinde kabul edilenligini aýtdy we köpçüligiň Ilýumžinowyň kandidaturasyny goldamaga taýýarlyk bildirenligini belledi.

Bu täzelikler Orsýetiň iň abraýly grossmeýsterleriniň biri, 1975-1985 ýyllar aralygynda Dünýäniň resmi çempiony we 1993-99 ýyllarda Dünýä küşt federasiýasyndan dünýä çempiony bolan Anatoliý Karpow üçin täzelik boldy.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Arkadiý Dworkowiçiň beýannamalaryna garamazdan, Karpow Dünýä küşt federasiýasyna prezidentlige dalaşgär hökmünde milli federasiýalaryň köpüsiniň goldawyna eýe boldy. Üstesine, 14-nji maýda Orsýet küşt federasiýasynyň maslahatynda Ilýumžinow däl-de, hut Karpow ses köpçüligini gazandy.

Bu duşuşyga gatnaşmadyk Dworkowiç ses berişligiň netijelerini ret edip, ýene-de Ilýumžinowyň kandidaturasyny goldap çykyş etdi.

Anatoliý Karpow Dworkowiç bilen Ilýumžinow ses berişligiň netijelerini üýtgetmäge ukyply däl diýip, hasap edýär. “Men Orsýetiň ähli künjeklerinden bolan delegatlaryň gatnaşmagynda geçirilen açyk ses berişlikde ýeňiş gazandym. Men öz ýurduma wekilçilik etjegime buýsanýaryn” diýip, Karpow belledi.

Orsýet küşt federasiýasynyň köp agzalarynyň, Dworkowiçiň milli guramalara Karpowy goldamaň diýip, duýduranlygy barada habar berenligini Anatoliý Karpow belledi we Dworkowiçiň Kremliň goldawyna daýanýanlygyny çak etdi.

Geçen hepde-de Orsýet küşt federasiýasynyň jaýy elinden alyndy, Federasiýanyň başlygy Anatoliý Bah bu wakany Dworkowiçiň Ilýumžinowy goldamak talabynyň ýerine ýetirilmänligi sebäpli federasiýa garşy ulanylan jeza diýip atlandyrdy.

Karpowy goldaýanlar

Jemgyýetçilik kampaniýasyny alyp barýan Anatoliý Karpow Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, öz planlaryny mälim etdi.

Karpow Dünýä küşt federasiýasyna ýolbaşçy wezipesine dalaş edip, küşt dünýäsinde ýagdaýy gowulandyrmak isleýänligini mälim etdi. Ol öz isleginiň şeýle garşylyk döretmegine nämäniň sebäp bolanlygyna geň galýar.

Anatoliý Karpow käbir kynçylyklaryň bardygyny, emma üstünlikleriň hem az däldigini belläp, 30 ýurtdan gowragynyň ony goldamak kararyna gelenligini, şol ýurtlardaky küştçüleriň sany hasaba alnanda olaryň Ilýumžinowy goldaýanlardan ençeme esse artykmaçdygyny aýtdy.

Dünýä küşt federasiýasyna ýolbaşçy bellenen ýagdaýynda Karpow ýagdaýyň çürt-kesik gowulanjagyna ynam baglady. Anatoliý Karpow 165 ýurdy öz içine alýan Dünýä küşt federasiýasynda Orsýetiň guramanyň diňe bir agzasy bolup durýanlygyny belledi.
XS
SM
MD
LG