Sepleriň elýeterliligi

Golaýda Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky korrupsiýa, repressiýa we ekstermizm hem Birleşen Ştatlaryň bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk strategiýasy hakynda maslahat boldy. Bu maslahat Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy tarapyndan guraldy we ony radionyň prezidenti Jeff Gedmin alyp bardy.

Maslahatda Halkara Krizis toparynyň, Birleşen Ştatlaryň Jorj Meýson uniwersitetiniň, Jorj Waşington uniwersitetiniň bilermenleri çykyş etdiler. Olar Gyrgyzystanda bolup geçen wakalaryň hiç biriniň diňe ol ýere mahsus däldigini, eýsem regionyň beýleki ýurtlarynda hem bolup biljegini öňe sürdüler.

Prezident Gedmin olardan «Regiondaky ýurtlaryň häkimiýetlerinde we syýasy sistemalyarynda agalyk, garyndaşparazlyk we korrupsiýa höküm sürýär. Aşakdaky gatlaklarda bolsa gowşak graždan jemgyýeti we ekstremizm bar. Olara nähili çemeleşmeli?» diýip sorady.

Günbatarly synçylar bu soraga dürli-dürli jogap berýärler. Bir pikire görä, bu hili režimler bilen hyzmatdaşlyk peýdasyz, ol diňe diktator režimlere peýda getirýär we ondan el çekmeli.

Ikinji pikire görä, her hilem bolanda hyzmatdaşlyk etmeli. Bu mesele baradaky “Tegelek stol” söhbetdeşligine aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew, Ýewropada bosgunlykda ýaşaýan oppozisioner Nurmuhammet Hanamow, Pragada ýaşaýan žurnalist Allamyrat Rahymow gatnaşýar.

Söhbetdeşligi Pragadky studiýadan Ýowşan Annagurban alyp barýar.

“Tegelek stol” programmasyny diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG