Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Eýranyň Talybana ýardam edýänligini aýdýar


NATO-nyň Owganystandaky harbylarynyň ýolbaşçysy general MakKristal düýnki eden çykyşynda Eýranyň Owganystana berýän ýardamynyň adaty ýagdaýdygyny, emma olardan belli bir böleginiň Talybana gönükdirilen harby kömekdigini aýtdy.

MakKrystal Talybana Eýranyň territoriýasynda tälim berilýänligini we Eýrandan Owganystana ýarag getirilýänligini hem belledi.

MakKrystal Owganystanda durnuklylygyň tiz ornaşmajagyny, halkara güýçleriniň belli bir möhlete çenli bu ýurtda galmaly boljakdygyny çak edýär.

Kandaharda amala aşyryljak harby operasiýalar barada Azatlyk Radiosynyň beren soragyna ol şeýle jogap berdi: “Aslynda käbir zatlar eýýäm başlady. Halk diňe adaty harby operasiýalara garaşýar, emma olar käbir halatlarda nämeleriň bolup geçýänligine syn etmeýärler. Biz Kanadaharyň içinde Owganystanyň polisiýa güýçleri bilen hyzmatdaşlygymyzy artdyrýarys. Biz Owganystanyň durnuklylygyny goraýan güýçler bilen bilelikde Kanadaharyň töwereginde howpsuzlyk halkasyny ornaşdyryp başladyk. Şäheriň töwereginde ýerleşýän etraplarda Owganystanyň armiýasy bilen koalision güýçleriň hereketleri artdyrylýar. Bu dowam etjek bir prosesdir, bir günde boljak iş däl. Şunlukda, munuň amala aşyrylmagy birnäçe aýa çekip biler. Emma şol howpsuzlyk çäreleri gün saýyn artdyrylar”.
XS
SM
MD
LG