Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň premýer-ministri ýaponiýaly kärdeşi bilen duşuşýar


Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabo şu gün ýaponiýaly kärdeşi Ýukio Hatoýama bilen duşuşýar. Olaryň Demirgazyk Koreýa hakda pikir alyşmagyna garaşylýar.

Iki ýurduň ýolbaşçylary azyk howpsuzlygy, energiýa üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak we ykdysady gatnaşyklar barada käbir ylalaşyklara-da gol goýarlar.

Ýolbaşçylar Günorta Koreýanyň prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen sammite hem barypdylar. Şonda hytaýly ýolbaşçy Günorta Koreýa degişli gäminiň weýran edilmegi baradaky wakany halk köpçüliginiň öňünde tankyt etmekden daşda durupdy.

Mart aýynda bolan wakanyň Demirgazyk Koreýa tarapyndan amala aşyrylanlygy aýdylýar. Şol wakada 46 esger heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG