Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Palestina ýardam alyp barýan gämä hüjüm etdi


Palestinanyň Gaza etrabyna ýardam harytlaryny alyp barýan gämilerden birine Ysraýylyň hüjüm edenligi aýdylýar.

Al-Jazeera telekanaly şol gämä Ysraýylyň esgerleriniň hüjüm edenligini habar berdi.

Türkiýäniň NTV telekanaly bolsa şol gäminiň Ysraýylyň esgerleri tarapyndan zor bilen basylyp alynanlygyny we wakada azyndan 10 adamyň heläk bolanlygyny habar berdi.

Bu waka şu gün irden boldy. Waka bolan mahaly gämileriň Gazadan gaty uzakda bolanlygy aýdylýar.

Ysraýylyň harbylary bu barada beýanat bermekden saklandy.
XS
SM
MD
LG