Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy başlandy


Türkmenistanyň gaza baý gündogar regionyny Hazar bilen birleşdirjek “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy başlandy.

Iki turbanyň sepleşdirme dabarasy Şatlyk gaz –kompressor stansiýasynda boldy.

Bu turbanyň uzynlygy müň kilometr bolup, onuň geçirijilik kuwwaty ýylda 30 milliard kubometr gaza deňdir.

2015-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga berilmeli turbanyň bahasy 2 milliard dollar - diýip, RIA Nowosti agenligi habar berýär.

Spesialistleriň belleýşi ýaly “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi Hazarýaka gaz turbasyny hem Transhazar turbasyny gaz bilen üpjün edip biler.
XS
SM
MD
LG