Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl - Türkiýe gatnaşyklary dartgynlaşýar


Şu gün irden Palestinanyň Gaza etrabyna gumanitar ýük alyp barýan gämilerden birine Ysraýylyň esgerleri hüjüm etdi. Şol gäminiň Ysraýylyň esgerleri tarapyndan zor bilen basylyp alynanlygy we wakada azyndan 10 aktiwistiň heläk bolanlygy habar berilýär. Heläk bolanlaryň köpüsiniň Türkiýäniň graždanlarydygy aýdylýar.


Ysraýylyň goranmak ministri Ýehud Barak Gaza sektorynyň deňiz kenarynda aksiýa gurnaýjylary “syýasy prowokasiýada” aýyplady.

Üsti gumanitar ýükli hem birnäçe ýüz palestin aktiwistli gämiler Gazanyň kenaryna ugrady. Ýöne Ysraýyl Gaza sektorynyň deňiz blokadasyny bozdurmajakdygyny aksiýa gatnaşyjylara duýdurdy.

Gämä münen ysraýyl esgerlerine aksiýa gatnaşyjylaryň ýaragly hüjüm edendigini, şondan soň ot açmaga mejbur bolandyklaryny Ysraýylyň harby komandowaniýesi habar berýär.

Dünýä liderleriniň köpüsi Ysraýylyň bu hereketine nägilelik bildirdi. BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun şok bolandygyny aýtsa, Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Ysraýylyň gereginden artyk güýç ulanandygyny belledi.

Arap ligasy ýurtlarynyň Baş sekretary Amr Musa Ysraýylyň hereketini “terrorizm” atlandyrdy, Liganyň gyssagly maslahaty çagyryldy.

“Palestin atkiwistleriniň garşysyna Ysraýyl harbylarynyň eden hereketlerini Moskwa ýazgarýar” - diýlip, Orsyetiň DIM-niň internet saýtynda ýerleşdirilen beýannamada bellenilýär.

Ýewropa Bileleşigi bu wakany dykgat bilen derňemegi talap etdi.

Türkiýe ilçisini yzyna çagyrýar


Çaknyşykda graždanlary jebir çeken Türkiýe Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrýandygyny yglan etdi.

Gaza sektorynyň kenar ýakasynda bolan waka bilen bagly Türkiýe BMG-den Howpsuzlyk Geňeşini çagyrmagy talap etmekçi.

Türkiýäniň DIM-niň wekili Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: “Güýç ulanmak arkaly Ysraýyl üsti gumanitar ýükli hem ýüzlerçe palestin aktiwistli gämini saklap, halkara düzgünlerini bozdy. Netijede türk graždanlary jebir çekdi” –diýdi.

“Bu waka halkara suwlarynda boldy. Bu ýerde gürrüň halkara düzgünleriniň gödek bozulmasy barasynda barýar. Biz Ysraýylyň ilçisini çagyrdyk. Biz oňa halkara kanunlarynyň bozulýanldygyny aýtdyk, sebäbi gämide diňe gumanitar ýük bar. Bolup geçen waka hiç bir jähtden kabul ederlik däldir” –diýip, Türkiýäniň Daşary işler ministriniň wekili Selim Ýenel Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG